Russiýanyň raketalary we Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlar Ukrainanyň energiýa pudagynyň üçden bir bölegini weýran etdi diýip, prezident Wolodymyr Zelenski 25-nji oktýabrda Ukrainanyň gaýtadan gurulmagy baradaky konferensiýada aýtdy.
Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzyň, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýeniň we beýleki ýokary derejeli syýasatçylaryň hem-de emeldarlaryň gatnaşan Berlin konferensiýasynda wideo arkaly çykyş eden Zelenski "Russiýa hemme zady ýykyp-ýok edýär we şu sebäpden bize gyşy geçirmek kyn bolar" diýdi.
Won der Leýen ýygnanyşykda çykyş edip, Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna edilen hüjümleriň "arassa terrorçylyk hereketleri" bolandygyny aýtdy. Ol Ukrainadaky weýrançylyk gerimini "geň galdyryjy" diýip atlandyrdy. Bütindünýä banky bu ýurtda Russiýanyň edýän hüjümleri netijesinde ýetirilen zyýanyň umumy mukdaryny 350 milliard ýewro (345 milliard dollar) diýip çaklaýar.
Won der Leýen, Ukrainanyň gaýatdan gurulmagy üçin zerur bolan utgaşdyryş platformasynyň "mümkin boldugyça gysga wagtda, ýylyň ahyryna çenli ýa-da indiki ýylyň başynda başlanmalydygyny” aýtdy.
Şolz konferensiýada eden çykyşynda Russiýanyň amala aşyrýan yzygiderli pilotsyz uçar hüjümleriniň Moskwanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda düşen täze peslik nokadyny görkezýändigini, şeýle-de munuň Kreml ýolbaşçylarynyň umytsyzlygynyň, lapykeçliginiň alamaty bolup görünýändigini aýtdy.
Şolz Ukrainany täzeden gurmagyň "nesil wezipesi" bolandygyny, munuň hatda Russiýanyň çozuşlary möwç alýan halatynda-da gijikdirilmän, derrew başlanylmalydygyny aýtdy.
"Bu ýerde karta goýlan zat, 21-nji asyr üçin täze Marşal meýilnamasyny döretmekden ýeňil mesele däl, derrew, häziriň özünde başlanylmaly nesil meselesi" diýip, Şolz aýtdy.
Emma muňa garamazdan, Zelenski konferensiýada Ukrainanyň jemi 17 milliard dollarlyk gyssagly dikeldiş meýilnamasynyň çäginde entek “ýekeje sent” hem almandygyny aýtdy.
Şeýle-de, Zelenski halkara jemgyýetçiliginiň uruş sebäpli weýran bolan ýurdy üçin geljek ýylda garaşylýan 38 milliard dollar möçberindäki býujet ýetmezçiligini ýapmagyny haýyş etdi.
Ukrainanyň jemgyýetçilik we sebitleri ösdürmek boýunça ministri Oleksi Çernyşow, uruş dowam edýän hem bolsa, Ukrainanyň täzeden gurulmagynyň başlanmalydygyny aýtdy.
"Urşuň heniz dowam edýändigini nazara almak bilen, ilkinji dikeldiş işleriniň şu wagt başlamalydygyna düşünmek gaty möhüm" diýip, Çernyşow konferensiýa başlanmazyndan ozal Germaniýanyň dpa habar gullugyna beren interwiýusynda aýtdy.
Şol bir wagtda, Birleşen Ştatlar Ukraina harby kömek bermegini dowam etdirýär. ABŞ-nyň iki resmisiniň sözlerine görä, Russiýanyň pilotsyz uçarlaryny we ganatsyz raketalaryny urup ýykmaga kömek bermek üçin, ABŞ ammarlardaky köne HAWK howa gorag ulgamlaryny Ukraina ibermegiň pikirini edýär.
HAWK ulgamlary wýetnam döwründäki tehnologiýa esaslanýar, ýöne ondan bäri birnäçe gezek döwrebaplaşdyryldy.
Ikinji tarapdan, urşy togtatmak meselesinde diplomatiýa, gepleşikler meselesi hem öňe sürülýär. ABŞ-nyň Wekiller öýüniň progressiw toparynyň 30 agzasy prezident Jo Baýdeni Ukrainadaky urşy soňlamak meselesinde gepleşikler arkaly ylalaşyk gazanylmagy üçin, "göni diplomatiýa" bilen meşgullanmaga çagyrdy.
24-nji oktýabrda urşuň soňlanmagy üçin gepleşik geçirilmegi baradaky hata gol çeken 30 kanun çykaryjy Baýdeniň Demokratik partiýasynyň agzalary bolup, olar özleriniň Russiýanyň Ukraina "akyla sygmaz we bikanun" ýagdaýda çozmagy hem-de ukrain territoriýalaryny ýene we ýene bikanun anneksiýa etmek karary netijesinde dörän kynçylyklar babatynda hiç hili hyýalbentligiň astynda däldigini aýdýarlar.
"Emma muňa garamazdan, eger-de azat we garaşsyz Ukrainany gorap saklamak bilen birlikde urşy togtatmagyň bir çäresi bar bolsa, Ukrainanyň halky üçin kabul edilip bilinjek çözgüdi goldamak üçin, islendik ýagdaýdaky diplomatik ýoly gözlemek Amerikanyň jogapkärçiligi bolup durýar” diýip, hatda aýdylýar.
Şeýle-de hatda Baýdeniň "Birleşen Ştatlaryň Ukraina beren harby we ykdysady goldawyny işjeň diplomatiýa goldawy bilen birleşdirmegine" çagyryş edilýär, bu atyşygyň bes edilmegi üçin hakyky esas gözlemek tagallalaryny iki esse artdyrar diýip, 30 demokratyň gol çeken hatynda bellenýär.
Forum