Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokaýew: 50-den gowrak halkara kompaniýasy Russiýadan Gazagystana göçdi


Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew 19-njy oktýabrda Almaty sebitiniň "jemgyýetçiligi" bilen bolan duşuşdy.
Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew 19-njy oktýabrda Almaty sebitiniň "jemgyýetçiligi" bilen bolan duşuşdy.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 19-njy oktýabrda Almaty sebitiniň "jemgyýetçiligi" bilen bolan duşuşygynda soňky aýlarda 50-den gowrak halkara kompaniýasynyň Russiýadan Gazagystana göçendigini aýtdy.

“Olaryň ählisini uly şäherlerde jemlemek netijesiz. Häkimlikler bu önümçilikleri Almaty şäheriniň golaýyndaky uly halka ýolunyň töwereginde ýerleşdirmegiň üstünde işlemeli, olar bu sebitiň ykdysadyýetine ep-esli kömek eder” diýip, Tokaýew aýtdy.

“Biz maýa goýumçylarynyň täze önümçilikleri açmagy, şol sanda beýleki ýurtlardan göçýänler üçin zerur bolan ähli şerti döretmeli. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen päsgelçiliksiz we üznüksiz haryt alyşmak maksady bilen, bu mesele eýýäm häzirden işlenip düzülmeli” diýip, gazak prezidenti nygtady.

Premýer-ministr Alihan Smailowyň üçünji gün geçirilen mejlis ýygnanyşygynda aýtmagyna görä, 300 sany global kompaniýa önümçiliklerini we ofislerini Russiýadan Gazagystana geçirmäge taýýar.

Hökümet bu geçişi jikme-jik öwrenmek üçin iri firmalaryň sanawyny düzdi diýip, premýer sözüniň üstüni ýetirdi.

“Häzir 56 kompaniýa biziň ýurdumyzda işlemäge taýyn. Göçürmegiň şertleri, wagty we ýeri boýunça olar bilen düýpli işler alnyp barylýar” diýip, Smailow aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Honeywell, inDriver, Fortescue, Marubeni ýaly birnäçe kompaniýa eýýäm Gazagystana “göçüp geldi”.

Russiýanyň Ukraina başlan harby çozuşyndan soň, müňden gowrak daşary ýurt kompaniýasy Russiýany terk etdi. Olaryň 320-si Russiýadan doly çykdy.

XS
SM
MD
LG