Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Astanada GDA duşuşygyna, Merkezi Aziýa – Russiýa sammitine gatnaşýar


Gazagystanyň Astana şäherinde GDA-nyň Döwlet baştutanlary geňeşiniň nobatdaky sammiti geçirilýär. 14-nji oktýabr, 2022 ý. Astana, Gazagystan.
Gazagystanyň Astana şäherinde GDA-nyň Döwlet baştutanlary geňeşiniň nobatdaky sammiti geçirilýär. 14-nji oktýabr, 2022 ý. Astana, Gazagystan.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji oktýabrda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň (GDA) Döwlet baştutanlary geňeşiniň ýygnagyna we Merkezi Aziýa – Russiýa sammitine gatnaşmak üçin, döwlet sapary bilen Gazagystana bardy diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýän GDA sammitine Azerbaýjanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň liderleri gatnaşýar.

Gazak metbugatyna görä, Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart Tokaýew GDA duşuşygynyň açylyşynda sözlän sözünde ýygnaga ilkinji gezek gatnaşýan türkmen prezidentini mähirli mübärekledi.

Tokaýew ýygnagy açyk diýip, yglan edip, medeni-ynsanperwer, howpsuzlyk we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň ýygnagyň garamagyna hödürlenendigini aýtdy.

Öňki sowet ýurtlaryndan ybarat bolan we Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yz ýany esaslandyrylan GDA-nyň nobatdaky sammiti post-sowet giňişlikde Russiýanyň Ukraina garşy girişen esassyz çozuşynyň dowam edýän wagty geçirilýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer 14-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda nobatdaky GDA sammitiniň, öňki sammitlerden tapawutlylykda, dünýäniň we sebitiň syýasy sahnasynda rus prezidenti Wladimir Putiniň, Ukrainada barýan uruş zerarly, sarsylýan abraýyna şaýat bolýandygyny gürrüň berdi.

“Putin öňler gelip, ýygnaklary alyp barardy. Onda mydama hödürläre bir zatlar bolardy, we hemmeler onuň aýdýan zatlaryny, isle bu onuň hödürleýän howpsuzlyk kepillikleri barada bolsun, isle-de onuň täze hödürleýän söwda şertnamalary barada bolsun, diňlemäge isleg bildirerdi. Ýöne, indi, görşümiz ýaly, hemmeler onuň agza döwletlere maliýe höweslendirmelerini hödürläp bilmeýändigini bilýär. Harby hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, onuň ähmiýeti, rus goşunynyň Ukrainadaky ýagdaýy nazarda tutulanda, köplerde sorag döredýär. Şu wagtlar tutuş dünýäde Russiýanyň goşunynyň nä derejede güýçlüdigi, ýa-da onuň asyl güýçlümidigi ýa-da däldigi barada bir topar soraglar berilýär. Şonuň üçin, Putin indi ýygnaga gatnaşýan beýleki liderler bilen deň derejeli hyzmatdaş bolup durýar, bu ýagdaý ýygnagy öňkülerden tapawutlandyrýar” diýip, Panniýer Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Panniýer şeýle ýagdaýyň geçen aý Özbegistanda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde hem, 13-nji oktýabrda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň sammitinde hem gaýtalanandygyny gürrüň berdi.

Muňa garamazdan, Panniýer Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň GDA guramasynyň agza ýurtlaryň köpüsi üçin heniz hem söwda hyzmatdaşlygy babatda, ýa-da halkara syýasaty babatda uly umyt bolup durýandygyny aýtmaga çalyşýandygyny gürrüň berdi.

Anna güni GDA duşuşygynyň yz ýany, gazak paýtagtynda Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti hem geçirilýär. Panniýeriň pikiriçe, bu Russiýa üçin örän wajyp sammit bolup durýar.

“Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti, gürrüňsiz, iň täsini bolup durýar. 31 ýylda ilkinji gezek diňe Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň liderleri duşuşyp, maslahat geçirýärler. Bu Moskwanyň Merkezi Aziýadaky täsiri barada nä derejede aladalanýandygyny görkezýär. Putin ol ýere gidip, bäş Merkezi Aziýa lideri bilen duşuşmaly boldy. Aýdyşym ýaly, bu geň, sebäbi, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan Russiýa bildirýän goldawlaryny egisýändiklerini aç-açan görkezýärler. Olaryň Russiýanyň ukrain sebitlerini anneksiýa etmegini goldamaýandyklaryna düşünmek bolýar. Şeýle-de, olar Russiýa bilen ýaranlyk babatda ikirjiňlenýärler. Olar bu ýaranlyga ozalkysyndan has az ähmiýet berýärler. Türkmenistan bilen Täjigistanyň ýagdaýy başgaça bolup durýar, olar sebitde Russiýa iň garaşly döwletler bolup durýar. Şonuň üçin, olar örän hüşgär hereket etmeli bolýarlar” diýip, Panniýer Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, ekspert Berdimuhamedowyň Gazagystana amala aşyrýan döwlet saparyndan iki ýurduň arasynda esasan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşýandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen prezident saýlawlarynyň yz ýany, kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident wezipesini eýelän 41 ýaşly Serdar Berdimuhamedow Gazagystana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýar. Berdimuhamedow mundan ozal Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Özbegistana we Gyrgyzystana sapar etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG