Maryda dükanlardan azyk ogurlaýan çagalar 'köpelýär'
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň täsirleri ilat arasynda günsaýyn köp duýulýar. Munuň bilen bagly, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde dilegçileriň sany göz-görtele artýan mahaly, çagalaryň arasynda ogurlyk hadysalary hem köpelýär. Bu ýagdaýlar barada polisiýa işgärleriniň, telekeçileriň we ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.