Türkmenistanda 6-njy oktýabrda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary we ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan adamlar hatyralandy.
Hatyra güni mynasybetli Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen hatyra çäresine Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
1948-nji ýylyň 6-njy oktýabra geçilen gijesi Aşgabatda güýçli ýertitreme boldy. Tebigy heläkçiligiň netijesinde 170 müňden gowrak adam wepat boldy. Şeýle-de, hatyra gününde ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda, şol sanda Gökdepe söweşinde we II Jahan urşunda wepat bolan adamlar hatyralanýar.
Ýöne döwlet metbugaty ähli uruşlaryň hatarynda Gökdepe söweşini agzamady. 1881-nji ýylda häzirki Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Gökdepe galasynda türkmenler Rus imperiýasynyň basybalyjy goşunlaryna garşy gazaply söweşdi. Ýöne Türkmenistanda bu söweşde wepat bolan gahrymanlaryň hatyralanmagy soňky birnäçe ýyl bäri döwlet derejesinde öňe sürülmeýär. Gökdepe galasynyň synmagy, taryhçylara görä, 140 ýyl mundan ozal, türkmen topragynda rus agalygynyň başlanan döwri boldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) Gökdepe söweşini agzamazdan, “ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertlik, harby borja wepalylyk, eziz Watanymyza çäksiz söýgini görkezdiler” diýýär.
Sowet häkimiýetleri II Jahan urşunda müňlerçe türkmenistanlyny söweş meýdanlaryna iberdi.
“Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar” diýip, döwlet metbugaty ýazýar.
Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy “Milletiň ogullary”, “Ruhy tagzym” we “Baky şöhrat” ýaly üç ýadygärlikden ybarat bolup durýar. “Ruhy tagzym” ýadygärligi Aşgabat ýertitremesi bilen, “Baky şöhrat” we “Milletiň ogullary” ýadygärlikleri bolsa türkmen halkynyň gatnaşan uruşlary bilen ilteşdirilýär.
“Biz olaryň ruhlaryna bagyşlap, sadaka berýäris, aýat-töwir edýäris, Hatyra gününde öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berýän sadakalaryňyz, doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, Serdar Berdimuhamedow hatyra çäresi üçin ýygnananlara ýüzlendi.
Ýurduň beýleki käbir sebitlerinde hatyra çäreleri ümsüm bellenilip geçildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Ojarly baba gonamçylygynda 2020-nji ýyla çenli hatyra güni mynasybetli sadaka çäreleriniň geçirilendigini, ýöne bu ýyl şeýle sadakalaryň berilmändigini habar berýär.
Ýöne sebitde hatyra güni mynasybetli Hojaýusup baba gonamçylygynda sadaka berlipdir.
“Mary welaýatynda matam güni her bir hojalyk öz dünýäsini täzelän hossarlarynyň mazarlaryna zyýarat edýär. Öwülýäde irden arassaçylyk işlerini geçirýärler, mazaryň töweregindäki guran ot-çöpleri çapýarlar, olary bir gyra çykaryp ýakýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatyndan habar berýär.
“Murgap etrabynyň Ojarly baba gonamçylygynda 2020-nji ýyla çenli adamlar üýşüp sadaka bererdiler. Geçen ýyl ýurdumyzda keselçilik köpelip, köpçülikleýin üýşmeleňler, toý we sadakalar gadagan edilenden soň, Ojarly baba gonamçylygynda adamlar sadaka bermegi bes etdiler” diýip, habarçy aýdýar.
6-njy oktýabrda Türkmenistanda döwlet gözegçiliginde çap edilýän gazet-žurnallar hem Hatyra güni bilen bagly geçirilýän çäreler barada habar bermekden saklandy.
“Türkmenistan” gazetiniň 6-njy oktýabr sany Hatyra gününi diňe 4-nji sahypada bir surat bilen okyjylara ýatlatdy: “Şu gün ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen hatyralanýar” diýip, ýadygärlikleri görkezýän suratyň ýüzünde bellik goýlupdyr.
7-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine iberen doglan gün gutlagy barada 2-nji sahypada habar çap eden “Türkmenistan” gazeti bu sanyny hatyra çärelerine bagyşlady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum