Baýramçylyk 'şowhunsyz' bellendi. Ilata öýde bolmak maslahat berildi
Türkmenistan bir aýlap gören taýynlyklaryndan soň döwlet garaşsyzlygynyň 31-nji ýyldönümini belläp geçirdi. Bu ýyl baýramçylyk ýurtda köp duýulmandyr. Ilat köpçüliginiň agyr ykdysady kynçylyklar bilen bagly gündelik aladalardan başga-da, öňki ýyllardan tapawutlylykda uly dabaral hem bolmandyr, köçelerde adam az bolup, öňküleri ýaly ilatyň dürli gatlaklaryny gatnaşdyryp, gurnalan çäreler hem geçirilmändir. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan habar berýär.