Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Täjigistanyň Hatlon sebitiniň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde guruljak 540 orunlyk mekdebiň taslamasyny düzmek we ony gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri habar berýär.
Magtymgulynyň adyny göterjek orta mekdebiň Türkmensitanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagy esasynda guruljakdygy aýdylýar.
Bäsleşik baradaky bildiriş türkmen metbugatynda çap edilipdir. Onda gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalarynyň şu ýylyň 21-nji oktýabryna çenli kabul ediljekdigi aýdylýar.
Türkmen metbugaty 2018-nji ýylyň tomsunda hem Täjigistanyň Hatlon regionynyň Ergeş Soltanow adyndaky obasynda 540 orunlyk mekdep gurmak boýunça halkara bäsleşiginiň yglan edilendigini habar beripdi.
Hökümetçi “Arzuw.news” neşiriniň dürli çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Täjigistanda takmynan 25,000 türkmen ýaşaýar. Olar hususan-da Hatilikon we Kolhozabat sebitleriniň Ýylyköl, Kumsangir, Kubodien, Şartus we Rudak etraplarynda köplük bolup ýaşaýarlar.
Täjigistanda türkmen dilinde okadylýan ýedi mekdep bar. 1994-nji ýyldan bäri ýurtda türkmen medeni jemgyýeti işleýär.
Türkmenistan mundan öň Orsýetiň Astrahan regionynda, Moldowanyň Gagauziýa regionynda we Owganystanda mekdep gurdy. Olaryň ählisi türkmen şahyry Magtymgulynyň adyny göterýär.