Balkanda kerpiç zawodlary ýapylýar, işgärler işden çykarylýar. Käbir kerpiçler gymmatlaýar, käbiri arzanlaýar
Balkan welaýatynda kerpiç zawodlarynyň birnäçesi öz işini bes edip, işgärlerini işden çykaryp başlady. Kerpiç zawodlarynyň hünärmenleri munuň sebäbini ýurtda dag jisimlerinden öndürilýän käbir kerpiçleriň döwlet gurluşyklarynda ulanylmagynyň gadagan edilendigi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaý owradylan daşlaryň käbir görnüşleriniň we olardan öndürilýän kerpiçleriň bahasynyň telim esse gymmatlap, "keýgiň şahyna çykmagyna" getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.