Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň Peşanaly obasynda pagtasy ogurlanan iki goňşy birek-biregi pagta ogurlygynda aýyplaýar


Sakarçäge etrabyndaky pagta harmanlary. 2019-njy ýylyň oktýabr aýy. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Sakarçäge etrabyndaky pagta harmanlary. 2019-njy ýylyň oktýabr aýy. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly daýhan birleşiginde goňşuçylykda ýaşaýan iki pagtaçy kärendeçi birek-biregi pagta ogurlygynda aýyplaýar. Goňşularyň arasynda turan pagta dawasy etrap polisiýa bölüminde çözgüt gözleýär.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli pagtaçy kärendeçileriň atlaryny Akmyrat we Durdymyrat diýip, üýtgedip tutýar.

Dört gektar gowaça meýdanyny kärendesine alan Akmyrat öz hojalygynyň gündelik ýygan pagtasyny her gün kärende ýeriniň golaýynda üýşürýär we özi hem ekerançylyk meýdanynyň golaýynda diklän çadyrynda her gije pagtasyny garawullaýar.

Pagta meýdany Akmyradyň kärende ýeri bilen serhetleşýän Durdymyrat hem gowaça ösdürip ýetişdirýär we ol hem, edil Akmyrat ýaly, her gün ýygan pagtasyny gowaça meýdanynda goýup gaýdýar.

Ýöne geçen hepde Peşanalyda giç agşam tok öçen güni, Akmyrat gijäni öýde, çagalarynyň ýanynda geçirmek üçin çatmasyny terk edip, bir gijelik öýüne gaýdýar.

“Biziň daýhan birleşigimizde her gün agşam sagat 12:00-den soň tok öçýär we irden sagat 5:00 töwereklerinde tok gelýär. Geçen agşam çagalar “tok ýok, garaňky, gorkýas” diýensoň, men potrat ýerimi taşlap gaýtmaly boldum. Irden potrat ýerime gelip görsem, meniň üç günläp ýygdyran 1 tonnadan gowrak pagtam ýok. Ogurlanypdyr” diýip, Akmyrat Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Bu waka barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji awgustda habar berdi. Wakanyň geçen hepdäniň dowamynda bolan bolmagy çak edilýär.

Akmyradyň pagtasy ogurlanan gijesi goňşy Durdymyradyň hem pagtasy ogurlanýar. Ýöne Durdymyrat ogurlyk hadysasy barada dessine Marynyň etrap polisiýasyna arz edýär we, görnüşinden, polisiýa ýazan arzasynda goňşy Akmyrady pagta ogurlygynda aýyplaýar.

“Meni irden Mary etrap polisiýa bölümine çagyrdylar. ‘Goňşyň pagtasyny näme etdiň, ogurlanypdyr!? Sen aldyňmy?’ diýip, soradylar” diýip, Akmyrat gürrüň berýär.

“Men ogurlamadym. Men almadym. Meniň öz pagtam hem ogurlandy. Gaýtam, meniň pagtamy ogurlan adamy tapyşyň!” diýip, Akmyrat polisiýa aýdan sözlerini getirýär.

Öz pagtasy ogurlanyp, polisiýa çagyrylan kärendeçi sorag edişlikden soňra polisiýa arza ýazýar we ol hem pagta ogurlygyndan şikaýat edýär.

“Men hem pagta ogurlygyny öz goňşymdan görmän duramok. Ol menden öňürtiläp, polisiýa arz edip, özüni aklajak bolýana meňzeýär” diýip, Akmyrat güman etdi.

Bu ýerde kazyýet işi ýok. Resmi taýdan pagta ogurlygynda günä bildirilýän ýa-da aýyplanýan adam ýok. Pagta ogrusynyň şahsyýeti mälim däl. Etrap polisiýasy pagta ogurlygynda güman edilýän adamyň tapylandygyny ýa-da tapylmandygyny, umuman etrapda pagta ogurlygy bilen bagly jenaýat hadysalarynyň ýüze çykarylyp-çykarylmandygyny mälim etmedi. Marynyň etrap kazyýeti sebitiň çäginde pagta ogurlygy bilen bagly ýüze çykan jenaýat hadysalary boýunça resmi beýanat bermedi.

Ýöne iki goňşy kanun goraýjy gulluklaryň dymyşlygynyň arasynda pagta ogurlygyndan ejir çekýär we birek-biregi pagta ogurlygynda güman edýär.

“Meniň pagtamy kim ogurlan hem bolsa, gaty belet adam ogurlady. Ony gije eliň bilen ýüklemekçi bolsaň, iki adam bolaňda, azyndan 1 sagat gerek... Ogurlyk eden tapylýança biz goňşy arada biri-birimizden güman edip gezeris” diýip, pagtasy ogurlanan Akmyrat Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol polisiýa bölümini terk edip, goňşusy Durdymyradyň ýanyna barýar we mundan beýläk ýygnajak pagta hasylyny bilelikde, gezekleşip garawullamagy teklip edýär.

“Ýok, indi men her gün ýygan pagtamy öýe daşajak” diýip, Akmyrat goňşy Durdymyradyň öz teklibinden ýüz öwürendigini gürrüň berýär.

Habarçymyz Durdymyrat bilen habarlaşyp bilmedi. Ýöne ýerli daýhanlar ýygnalan pagta hasylyny öýe daşamak üçin ýük ulaglarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

Tehnika ýetmezçiligi sebäpli käbir kärende ýer eýeleri pagta möwsüminiň dowamynda gündelik ýygnalan pagtany gowaça meýdanynyň golaýynda üýşürip, ony döwlet harmanyna tabşyrýança açyk meýdanda saklaýarlar.

Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygym möwsümi heniz resmi taýdan başlamady. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu wagta çenli ýurduň Lebap hem-de Mary welaýatlarynda pagta möwsüminiň mejbury zähmet bilen başlanandygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosy mundan ozalky ýyllarda hem pagta möwsüminde hasaba alynýan ogurlyk hadysalary barada habar berdiler.

Türkmenistanda pagtaçy kärendeçiler şertnama esasynda döwletden alan kärende ýerlerinde gowaça ösdürip ýetişdirýärler, we ýygnalan pagta hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýygjamlaşan sosial problemalar, ogurlyk, talaňçylyk ýaly jenaýat hadysalary barada habar berýärler.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda hasaba alynýan jenaýat hadysalary we olara garşy görülýän çäreler barada hasabat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG