Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow “Dustlik” ordeni bilen sylaglady.
Bu sylag oňa Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpasyrlyk hoşniýetli dostluk, goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna goşan uly şahsy goşandy üçin berildi diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri “Türkmenistan” gazetine salgylanyp habar berýär.
Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistanyň prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilow bu ordeni eýesine Aşgabatda gowşurdy. Ol Türkmenistana Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşýan wekiliýet bilen geldi.
Şu aralykda, prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli permanlaryna laýyklykda, Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norow, Abdulaziz Kamilow Türkmenistanyň "Galkynyş" ordeni bilen sylaglandy.
Özbek wekiliýetiniň agzalary bu ýokary sylaga ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin mynasyp boldular diýip, resmi habarda bellenýär.