Türkmenistanda pagta ýygymyň resmi taýdan başlanmagyna üç hepde töweregi wagt bar. Muňa garamazdan, Lebap welaýatynyň ekin meýdanlarynda hasyl eýýäm ýygnalýar. Bu ýerde ekin meýdanlarynda ýerli edaralaryň we döwlet sektoryndaky kärhanalaryň işgärleri zähmet çekýärler.
Türkmenistanyň gündogar sebitinde pagta ýygymyň 20-nji awgustda başlanandygy barada Azatlygyň Lebapdaky habarçysy maglumat berdi.
"20-nji we 21-nji awgustda ähli edaralaryň işgärleri irden sagat 7-de ekin meýdanynda bolmalydy. Irden ähli ýerde öň penjiresinde "Pagta -2022" ýazgyly awtobuslary görmek bolýar. Kärhanalar öz işgärleriniň hasabyna awtobuslary kireý almaly boldular. Işgärler ir sagat 6-da edara jaýynyň öňüne barmaly edildi. Ekin meýdanlarynda pagta ýygym bir sagatlyk arakesme bilen agşam 17: 00-a çenli dowam etdi"- diýip, habarçymyz buýrugy ýerine ýetirmekden ýüz öwürenleriň işden kowuljagynyň diýdurylandygy aýtdy.
Býujet işgärleri dynç günlerini pagta ýygyp geçirdiler. Habarçy pagta meýdanlaryna öz işgärlerini ugradanlaryň arsynda Lebabyň bilim edaralaryny, Türkmenabadyň jemagat hyzmatlary kärhanlaryny, şäher suw üpjünçiligi, energiýa, bagbançylyk hyzmatlaryny, aragatnaşyk agentligini, pagta egriji zawody, himiýa zawodyny agzap geçdi. Awtobus stansiýasynyň sürüjilerine hem pagta ýygmaga gitmek tabşyrylypdyr.
Habarçy käbirleriň özlerine derek hakyna tutulan işgär tapyp ugratmaga synanyşandygyny, emma pagta ýygymyň başynda hakyna tutulan işgär tapmagyň kyndygyny, şonuň üçin köpüsiniň ekin meýdanlaryna gitmäge mejbur bolandygyny belledi. Şeýlelikde, döwlet işgärleriniň köpüsi dynç günlerini işläp geçiripdir.
Şu günler okuw ýylynyň öňüsyrasynda köpler çagalaryny mekdebe taýýarlamaga howlugýarlar. Habarçynyň sözlerine görä, ýerli býujet işgärleriniň mejbury işe çekilmegi dynç günlerini çagalaryna bagyşlamak, şol sanda mekdep üçin geýim we okuw esbaplaryny satyn almak planlaryny puja çykarypdyr.
Türkmenistanda býujet işgärlerini oba hojalygy işlerine çekmek tejribesi onlarça ýyl bäri dowam edip gelýär. Munuň bilen birlikde, döwlet işgärleriniň köpüsi pagta ýygmak üçin özlerine derek adam ugradyp, zähmetine tölemek bilen bir wagtda-da özleriniň iş borjuny berjaý etmäge mejbur bolýarlar.
Habarçylaryň sözlerine görä, häzirki wagtda Lebap welaýatynda hakyna tutulan pagta ýygymçynyň ortaça zähmet haky bir günde 40-50 manada barabar bolýar. Sebitde, hususan-da, mekdepleriň we çagalar baglarynyň işgärleriniň ortaça aýlygy 1300-1400 manat aralygynda.
Awgust aýynyň başynda Azatlygyň habarçylary pagtaçylygyň Balkan welaýatynda alnyp barylyşy barada habar berdiler. Türkmenistanyň günbatar sebitinde okuw jaýlarynyň mugallymlary we sebitdäki döwlet edaralarynyň işgärleri çürtüm işlerine çekilip, 25-nji awgusta çenli pagta meýdanlaryna gatnamaga borçly edilipdir.
Türkmenistanda pagta ekişi mart aýynda bat alýar, hasyl sentýabr aýynyň ortalaryna ýygylyp başlanýar. Iş ýüzünde pagta ýygymy dekabra çenli dowam edýär. Türkmenistanyň metbugat habarlaryna görä, şu ýyl häkimiýetler 1 million 250 müň tonna pagta ýygmagy planlaşdyrýarlar.
Adam hukuklaryny goraýan halkara toparlary Türkmenistanyň pagta pudagynda mejbury zähmet ulanylmagyny yzygiderli tankytlaýarlar. Pagtany dünýäniň bazarlaryna eksport edýän Türkmenistanyň hökümeti tankytlara resmi reaksiýa bildirmeýär.
Bu aralykda dünýä bazarynda pagtanyň bahasy 30 göterim ýokarlandy. BIlermenler bu görkezijiniň azyndan soňky 10 ýylda rekord derejesine çykandygyny aýdýarlar. “Bloomberg” habar gullugy pagtanyň bahasynyň ýokarlanmagyna ekinleri ýok eden adaty bolmadyk yssynyň täsir edendigini habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum