Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda temmäki önümlerine salynýan salgyt artdyryldy, çilimiň bahasy gymmatlady


Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda satylýan çilimler
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda satylýan çilimler

Türkmenistanda daşardan getirilýän temmäki önümleri üçin goşmaça salgytlaryň mukdarynyň artdyrylmagynyň yzy bilen, ýuduň bazarlarynda onsuz hem degişlilikde has gymmada satylýan çilimleriň bahalary galdy.

Türkmenistanyň “Salgytlar hakynda” ýurduň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda” kanunyna laýyklykda, geçen aýyň aýagynda ýurda getirilýän temmäki önümleri üçin goşmaça tölegler üýtgedildi.

Täze düzgüne görä, ozal temmäki önümlerinden gümrük bahasynyň 74 göterimi goşmaça töleg hökmünde alnan bolsa, indi şol mukdar 93 göterime çykaryldy. Şeýlelikde, mundan beýläk bir guty temmäki önümi üçin 3 däl-de, 4 dollar möçberinde goşmaça töleg alnar.

Şeýle-de, senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylarynyň 1 kilogramy üçin ozal alnan 15,6 dollara derek, indi 19,5 dollar goşmaça töleg hökmünde alnar.

“[Lebabyň dolandyryş merkezi] Türkmenabatda şu hepdeden bäri, ozal 55 manatdan satylan çilimleriň bahasy birdenkä 65-70 manada çykdy. Bu köpler üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy we adamlarda nägilelik döretdi. Häkimiýetler ‘ýurdy çilimden azat etjek’ diýip, diňe gadagançylyk girizýärler we çilimi taşlap bilmeýänlere başga hiç hili alternatiwa hödürlemeýärler” diýip, 2-nji awgustda atlandylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Ol aýlyk zähmet hakynyň 1 müň 250 manada deňdigini, bu ýagdaýlarda bir gutusy 65-70 manada bahalanýan çilimleri satyn almaga gurbunyň çatmaýandygyny aýtdy. Bellesek, bu bahalar beýleki ýurtlardaky ýokary hilli hasaplanýan temmäki önümleriniň nyrhyndan hem telim esse ýokarydyr.

Türkmenistanda satylýan emeli çilmiler
Türkmenistanda satylýan emeli çilmiler

“Häkimiýetleriň bahalary galdyrmak syýasaty kän bir netije bermeýär. Bazarlarda, hususy dükanlarda ýasama çilimleriň onlarça görnüşi bar. Elbetde, olarda asyl temmäkiden başga her dürli çöp-çalam bar. Emma çilime öwrenişen adamlaryň, bu saglyklaryna ýaramaz täsir ýetirse-de, olary satyn almakdan başga alajy ýok” diýip, 30 ýyl töweregi çilim çekmek tejribesiniň bardygyny bellän söhbetdeşimiz sözüne goşdy.

Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli ýurty temmäkiden azat etmek ugrunda tagalla edýändigini aýdýar. Munuň çäginde, şu ýylyň fewralynda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar häkimiýetleriň bu tagallalarynyň çäginde diňe çilimkeşlere jerime ýazmak, şeýle-de satylýan çilimleriň möçberini azaltmak we bahalaryny ýokarlandyrmak boýunça iş alyp barýandyklaryny, emma raýatlaryň bu endikden el çekmegine kömek bermek boýunça medisina we düşündiriş işlerini ýeterlik geçirmeýändiklerini, ýurtdaky maslahat beriji merkezleriň hem talaba laýyk işlemeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagy bilen, ýurtda çilim söwdasyna garşy dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.

Şeýle-de, häkimiýetler 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda hem karar kabul etdi.

Bu kararyň yzysüre, hususy dükanlarda temmäki önümleriň söwdasy doly diýen ýaly gadagan edilip, döwlet dükanlarynda käte çäkli möçberde ýola goýuldy. Bu gadagançylyk wagtyň geçmegi bilen gowşan bolsa-da, wagtal-wagtal güýçlendirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG