Türkmenistanda ekerançylyk suwlarynyň we arassa agyz suwunyň kanagatlanarly üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, Türkmenistan 15-nji iýulda Özbegistan bilen Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak barada ylalaşdy.
Has ozal, maýyň ahyrynda eýran metbugaty türkmen we eýran häkimiýetleriniň iki ýurduň araçäginde ýerleşýän Dostluk suw howdanynyň suwuny ekerançylyk maksatlary üçin ulanmazlyk barada ylalaşandyklaryny habar berdi.
Şeýle-de, iýun aýynda türkmen hökümeti Hazar deňziniň suwuny arassalap, onuň agyz suw üpjünçiliginde ulanylmagy bilen bagly meýilnamalaryny äşgär etdi.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ekerançylyk suwlarynyň we içimlik agyz suwlaryň üpjünçiliginde döreýän bökdençlikler, suw ýetmezçiligi barada habar berýärler.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanyň suw hojalyk pudagynyň töweregindäki meseleler boýunça ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen geçirilen söhbetdeşlik arkaly dowam edýär.