“Datification.org” neşiriniň we Inform.kz neşiriniň ýazmagyna görä, Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Aşgabatda iş sapary wagtynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, prezidenti saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen gutlady, öňki kärdeşini bolsa doglan güni bilen gutlady.
Gazak prezidenti G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň sosial-ykdysady ugurda düýpli üstünliklere eýe bolandygyny aýtdy.
Şeýle-de, K.Tokaýew onuň gazak-türkmen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşant goşandygyny nygtap, öňki prezidente Gazagystan respublikasynyň ýokary sylagyny – “Altyn Kyran” ordenini gowşurdy.
RBK neşiriniň habaryna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hem Aşgabada sowgatly geldi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedowa, ýaş toýy mynasybetli, iki gylyç, küşt we atly adamyň heýkelini sowgat berdi.
Gazagystanyň we Russiýanyň prezidentleri, beýleki hazarýaka döwletleriniň baştutanlary bilen, Türkmenistana kenarýakýaka ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilýän Altynjy sammitine gatnaşmaga geldi.
Bu sammit G.Berdimuhamedowyň 65 ýaşynyň dolan gününe gabat geldi.