Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda Mary welaýatyna sapar edip, galla oragynyň barşy bilen tanyşdy, sebitiň Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Prezidentiň sebite amala aşyrýan sapary bilen baglylykda köçelerde polisiýa tarapyndan saklanan ak reňkden başga reňkdäki ulaglar, saparyň edil yz ýany, goşmaça tölegsiz boşadyldy. “Birinji gezek bizden pul alman, goşmaça para soraman ulaglarymyzy yzyna gowşurdylar” diýip, sürüjiler özleriniň haýran galandyklaryny aýdýarlar.
Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri ulaglar boýunça reňk gadagançylygy dowam edýär. Ýurduň köçelerinde diňe ak reňkdäki awtoulaglaryň päsgelçiliksiz hereketine rugsat berilýär. Döwlet ýolbaşçysynyň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň öý ýany, ýerlerde ak reňkden özge reňkdäki ulaglaryň hereketine çäklendirme girizilýär. Şeýle çäklendirme Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda hem güýje girizildi. Ýöne bu gezek, adatdakysyndan tapawutlylykda, ak reňk gadaganlygynyň çäginde polisiýa tarapyndan saklanyp, jerime duralgalaryna eltilen ulaglar, goşmaça töleg talap edilmezden boşadyldy. Maryly sürüjiler bu täzeligiň özlerini haýran galdyrandygyny aýdýarlar.
“Prezidentiň Mary welaýatyna sapar eden güni Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri öňünden duýduryş bermezden ak reňkden özge reňklerdäki ulaglary saklap, jerime duralgasyna alyp gitdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.
Ýöne habarçymyza görä, prezidentiň saparynyň tamamlanmagynyň edil yz ýany, öýlän sagat 2 töwereklerinden soň, jerime duralgalaryndaky ulaglaryň ählisi pul talap edilmezden eýelerine gowşuryldy.
“Ýene bizden bolar-bolgusyz bahanalar bilen pul toplarlar öýtdük, ulaglarymyz jerime duralgasynda durany üçin her gününe 50 manatdan pul toplanar diýip pikir etdik. Ýöne bize ulaglarymyzy alyşlary ýaly tölegsiz yzyna gaýtaryp berdiler” diýip, maryly sürüjiler Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.
Sürüjiler öz şahsy ulaglarynyň polisiýa tarapyndan yzyna gaýtarylyp berilmegine begenýän mahaly, synçylar Türkmenistanda awtoulaglara girizilýän reňk çäklendirmeleriniň özüniň esassyzdygyny aýdýarlar. Resmiler awtoulaglara girizilýän ak reňk talabyny ýurduň yssy howa şertleri bilen düşündirmäge synanyşýarlar.
“Tussag edilen ulaglar sanardan köpdi” diýip, bir maryly sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine (TDH) görä, 17-nji iýunda prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna, resmi metbugatda atlandyrylyşy ýaly, “toý saparyny” amala aşyrdy.
Döwlet telewideniýesi saparyň dowamynda prezidentiň bir gallaçy daýhana “ak pata” berip, onuň bugdaý oragyna badalga berşini görkezdi. Ýöne döwlet metbugaty “ak patadan” habar berse-de, awtoulaglar boýunça girizilýän “ak reňk” talabynyň ýerli sürüjilere ýetirýän oňaýsyz täsirlerini agzamady.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy ak reňk gadaganlygy bilen bagly polisiýa tarapyndan saklanan awtoulaglaryň eýeleriniň arasynda nägilelik bildirip, ýerli prokuratura we polisiýa edaralaryna baran adamlaryň bolandygyny habar berýär.
“Adamlaryň nägilelik sebäpli dawa-jenjel turuzmagyndan, goh-galmagal etmeginden howatyrlandylar” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Azatlyk Radiosy Maryda prezidentiň saparynyň öň ýany köpçülikleýin tussag edilen, ýöne soňra boşadylan ulaglar boýunça welaýat polisiýa bölüminden kommentariý alyp bilmedi.
Döwlet metbugatyna görä, Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran saparynyň çäginde, kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi. Döwlet metbugaty bu metjide Mekgeden getirilen teperrigiň goýlandygyny habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-2-nji iýunda özüniň daşary ýurt döwletlerine amala aşyran ilkinji resmi däl saparynyň çäginde musulmanlar üçin mukaddes bolan Mekge we Medine şäherlerine zyýarat etdi.
Döwlet metbugaty Marynyň Gurbanguly hajy metjidinde Serdar Berdimuhamedowyň Mekge we Medinä amala aşyran zyýaraty mynasybetli toý sadakasynyň berlendigini habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda Lebap welaýatyna amala aşyran sapary bilen baglylykda hem reňki ak bolmadyk awtoulaglaryň köpçülikleýin saklanandygyny habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.