Şu günler Mary welaýatynyň Mary şäheriniň köçelerinde we döwlet edara-kärhanalarynda güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu işlere jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri köpçülikleýin gatnaşdyrylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.
Onuň sözlerine görä, arassaçylyk işleri hepdäniň ikinji ýarymynda geçirilip başlandy. Marynyň uçar menzilinden başlap, tä şäheriň esasy köçelerine çenli aralykda arassaçylyk işleri geçirilýär.
Kemine, Mollanepes, Magtymguly we Türkmenistan ýaly merkezi köçeleriň gyralary ýuwulýar. Şeýle-de, olarda güller ekilip, owadanlyk işleri geçirilýär. Bu işler jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri bilen bir hatarda, býujetçiler tarapyndan amal edilýär.
Býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, edara-kärhanalarda hem ýowar geçirilip, ähli ýerler ýuwulýar we arassalanýar, şeýle-de käbir diwarlarda boýag işleri hem geçirilýär.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, býujet işgärlerine ýowarlaryň geçiriljekdigi barada öňünden bildiriş edilmedi. Şeýle-de, häkimiýetler, şol sanda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary güýçli depginde geçirilýän arassaçylyk işleriniň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler.
Olar diňe bu işleriň 18-nji maýda belleniljek Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
"Ýolbaşçylar ýurduň beýleki welaýatlaryndan medeniýet işgärleriniň Mara gelmegine garaşylýandygyny hem aýtdylar" diýip, maryly býujet işgäri anonimlik şertinde 11-nji maýda gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, býujet işgärleri we ýerli synçylar bu sene bilen bagly mundan ozalky ýyllarda bu derejede arassaçylyk işleriniň geçirilmändigini aýdyp, şeýle işleriň "diňe ýokary derejeli döwlet ýa-da daşary ýurt ýolbaşçylarynyň sebite etjek saparynyň öňüsyrasynda amal edilendigine" ünsi çekýärler.
Bellesek, Maryda şuňa meňzeş arassaçylyk işleri soňky gezek fewralyň ahyrynda martyň başynda geçirilipdi. Bir hepde dowam eden arassaçylyk işleriniň ahyrynda şol döwür prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow, öz saýlaw kampaniýasynyň çäginde, Mara barypdy.
Azatlyga Maryda häzir geçirilýän arassaçylyk işleriniň ýokary derejeli döwlet resmisiniň sebite edäýmegi mümkin sapary bilen baglanyşyklymy ýa däldigini anyklamak başartmady. Azatlyk bu barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden goşmaça maglumat almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 12-nji maýda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.
Bellesek, Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri ýurt ýolbaşçylarynyň we resmileriniň sebitlere etjek saparlary barada öňünden hiç hili habar bermeýärler. Şol sebäpli olaryň sebitlere planlaşdyrýan saparlarynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.
Türkmenistanda býujet işgärleri arassaçylyk işlerinden başga-da, bag nahallaryny ekmäge we olary satyn almaga, ýüpek gurçugyna ideg etmäge, ýeralma tohumy üçin pul goşup, ekişe gatnaşmaga, şeýle-de pagtanyň çürtüm we ýygym işleri üçin pul berip, pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.