Türkmenistanyň dürli sebitlerinde soňky birnäçe gün bäri internet aragatnaşygynyň hili ymykly pese gaçýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.
Paýtagt Aşgabatdaky habarçymyz 9-njy maý güni şäherde, hususan-da mobil internet aragatnaşygynda bökdençligiň dörändigini habar berdi.
“Mobil internet örän erbet işleýär, telefon aragatnaşygy hem şeýle” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy 9-njy maý – Ýeňiş güni Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“IMO örän haýal işleýär, hatlar düýbünden gitmeýär” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, paýtagt ýaşaýjylary mobil internet tizligi bilen deňeşdirilende ADSL usulda baglanylýan Wi-Fi internet tizliginde uly üýtgeşikligiň bolmandygyny aýdýarlar.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy sebitde mobil internet bilen bir hatarda Wi-Fi internet tizliginiň hem juda peselendigini habar berýär.
“Şu günler Mary welaýatynda internetiň tizligi gaty peseldi. Hatda jaňlar, hatlar gitmeýär. Wi-Fi düýbünden işlemeýär. IMO messenjeri arkaly aňsat hat ugradyp bolmaýar, ugradylan hat 10-15 minutdan soň gidýär. Jaňlar hem edil hat ýaly. Olar hem gitmeýär. Birnäçe sapar aýlanyňdan soňra jaňlaşyp gürleşip bolýar. Ol hem düşnüksiz. Telefonyň aňyrsyndaky adamyň sesi bölünýär, näme hakda gürleýändigine düşünip bolmaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ençeme maryly ýaşaýjylara salgylanyp habar berdi.
Ýerli ýaşaýjylar “Türkmentelekom” kompaniýasynyň we “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň ep-esli wagt bäri ýaramaz işleýändigini aýdýarlar.
“Ençeme wagtdan bäri ‘Türkmentelekom’, ‘Altyn asyr’ gowy işlemeýär. Yzygiderli aragatnaşyk kesilýär, internet bozulýar. Halk saýlar ýaly başga telekom ýok. Bary bilen oňuşmaly bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
“Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatory bolup, ähli mobil aragatnaşyk amallary bu kärhananyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Galyberse-de, “Türkmentelekom” kärhanasy Türkmenistanyň ýeke-täk internet prowaýderi bolup, mobil operator hem bu kärhananyň üsti bilen internet toruna baglanýar.
Garaşsyz turkmen.news neşiri hem ýurduň çar künjeginde internet aragatnaşygynyň hiliniň ymykly pese gaçandygyny habar berýär.
Neşire görä, 7-nji maý güni paýtagt Aşgabat, Mary we Daşoguz şäherlerinde internet aragatnaşygynda bökdençlik döredi. Neşiriň habaryna görä, “Türkmentelekom” kärhanasy öz abonentlerine aragatnaşykda dörän bökdençlik barada habar berdi, ýöne onuň sebäpleri barada maglumat bermedi.
Turkmen.news Türkmenistanda soňky dört güni bäri IMO messenjerinden tas düýbünden diýen ýaly peýdalanyp bolmaýandygyny habar berýär.
“IMO anna agşamyndan bäri işlemeýär” diýip, turkmen.news bir daşoguzly ýaşaýjynyň sözlerini getirýär.
“Göräýmäge ýükleýän ýaly, birnäçe sagatlap aýlanýar, towlanýar, ýöne peýdasy ýok” diýip, ol aýdýar.
IMO messenjeri Türkmenistanda petiklenmeýän juda az sanly goşundylaryň hatarynda galýar.
Mundan ozal, Türkmenistanda internetiň tizligi apreliň ikinji ongünliginiň başlarynda görülip-eşidilmedik derejede pese gaçdy. VPN hyzmatlary petiklendi.
Düýbi ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän “Cloudflare” Internet hyzmatlary kompaniýasy 10-njy aprel güni Aşgabat wagty bilen agşam sagat 7-den başlap, Türkmenistanda Internet tizliginiň düýpli peselendigini anyklady. Şonda “Cloudflare Radar” Türkmenistanda Internetiň tas doly diýen ýaly öçürilendigini aýtdy.
Kompaniýa 12-nji aprel güni beren goşmaça maglumatynda 40 sagat dowam eden bökdençlikden soňra, Türkmenistanda internet aragatnaşygynyň gaýtadan dikeldilendigini habar berdi.
Türkmenistanyň aragatnaşyk kärhanalary Internet aragatnaşygynda ýygy-ýygydan ýüze çykýan bökdençlikleriň sebäpleri barada maglumat bermeýärler.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän Cable.co.uk saýtynyň bilermenleriniň geçiren barlaglaryna görä, dünýäde iň haýal we iň gymmat internet Türkmenistanyň ilatyna hödürlenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.