Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Russiýanyň Ukrainadaky ýitgileri ony indiki agressiýa synanyşygyndan saklar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin Russiýanyň Ukrainadaky ýitgileriniň Kremliň öz agressiýasyny ýene bir ýerlerde gaýtalamagynyň öňüni almak ähtimallygyna umyt bildirdi.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin Russiýanyň Ukrainadaky ýitgileriniň Kremliň öz agressiýasyny ýene bir ýerlerde gaýtalamagynyň öňüni almak ähtimallygyna umyt bildirdi.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin, rus güýçleriniň gündogardaky hüjümlerini dowam etdirmegi bilen, Russiýanyň Ukrainadaky ýitgileriniň Kremliň öz agressiýasyny ýene bir ýerlerde gaýtalamagynyň öňüni almak ähtimallygyna umyt bildirdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken bilen Ukraina sapar edeninden soň çykyş eden Ostin, žurnalistlere Waşingtonyň "Russiýanyň Ukraina çozmak esasynda eden zatlaryny edip bilmejek derejede gowşanyny" görmek isleýändigini aýtdy we Kiýewiň dogry-dürs goldaw berlen ýagdaýynda, bu uruşda şindem üstün çykyp biljekdigini belledi.

Ostin we Blinkeniň Waşingtonyň Ukraina we beýleki ýaranlara goşmaça 700 million dollarlyk harby kömek berjekdigini yglan eden sapary, iki aý mundan ozal başlanan urşuň dowamynda ABŞ resmileriniň Ukraina eden iň ýokary derejeli syýahaty boldy.

Birleşen Ştatlar geçen ýyl prezident Jo Baýdeniň iş möhleti başlaly bäri Ukraina 4 milliard dollar töweregi harby kömek iberdi we geçen hepde täze, 800 million dollarlyk kömek bukjasyny yglan etdi.

Şu aralykda, Angliýanyň Goranmak ministrliginiň 26-njy aprelde Twitterde beren habaryna görä, gündogar Ukrainanyň Luhansk sebitindäki Kreminna şäheri ruslara tabyn boldy.

Kreminna şäherinde barýan köçeme-köçe söweşleri birnäçe gün bäri dowam edýärdi we bu ýerdäki asuda ilat uruş sebäpli ewakuasiýa edilip bilinmedi.

Britan harbylarynyň maglumatyna görä, rus güýçleriniň Donetsk sebitindäki Slowýansk we Kramatorsk şäherlerine tarap dyzamagy bilen, Izium şäheriniň günortasyndaky agyr söweşler dowam edýär.

“Ukrain güýçleri, Russiýanyň günortadan hüjüm etmek ähtimallygyna taýyn bolmagyň çäginde, Zaporižiýany gorap saklamaga taýýarlanýar” diýip, gündelik hasabatda aýdylýar we rus güýçleriniň, belki-de, ukrain goşunlarynyň gündogarda guran berk goragly pozisiýalarynyň daşyny gabamaga synanyşýandygy bellenilýär.

Diplomatik frontda şu gün, 26-njy aprelde BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar, emma mundan öňki diplomatik tagallalar şowsuz bolansoň, gepleşikden garaşylýan zadyň azdygy aýdylýar.

Bu duşuşyk Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 25-nji aprel güni giçlik Günbatar ýaraglarynyň Ukraina iberilmegini hakykatda NATO-nyň bir proksi arkaly we ony ýaraglandyrmak bilen Russiýa garşy söweş alyp barmagyna deňemeginiň we günbatardan Ukraina iberilen ýaraglaryň rus harbylary üçin “kanuny nyşana” boljakdygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Şeýle-de Lawrow üçünji jahan urşy howpy barada duýduryş berdi we konfliktiň, “düýpli derejede”, ýadro ýaraglaryna çenli ýitileşmek töwekgelliginiň bardygyny aýtdy.

"Bu howp çynlakaý, bu hakykat, bu kembaha garalmaly zat däl" diýip, Lawrow aýtdy.

Emma Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba Lawrowyň bu sözleriniň diňe "düýäni Ukrainany goldamakdan howatyrlandyrmak” niýeti bilen aýdylandygyny aýtdy.

Russiýanyň Waşingtondaky ilçisi biraz öň ABŞ-nyň ýarag ibermegini bes etmelidigini aýtdy we Günbatardan uly möçberde iberilýän ýaraglaryň bu konflikti güýçlendirýändigini duýdurdy.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi Russiýanyň 25-nji aprelde asuda ilatyň şäherden çykmagyna ýol açmak üçin ynsanperwerlik koridoryny döretjegini aýtmagyna garamazdan, gabawdaky Mariupol portunda ýerleşýän “Azowstal” zawodyna edýän hüjümini dowam etdirendigini aýtdy.

Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk bu diýilýän ynsanperwerligiň durmuşa geçirilmändigini aýtdy.

Ol BMG-niň başlygy Gutterişden, Milletler guramasynyň we Gyzyl haç guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, “Azowstal” toplumyndaky asuda ilaty howpsuz ýere çykarmak üçin koridor "başlangjyna we kepillendirmesine" kömek etmegi sorady.

Ol bu sözleri aýdanyndan gysga wagt soň, prezident Wolodymyr Zelenskiniň bir kömekçisi rus güýçleriniň polat zawodyna hüjüm edýändigini aýtdy.

Giň meýdany tutýan polat toplumy Ukrainanyň Azow deňziniň boýundaky strategiki port şäherinde görkezýän garşylygynyň iň soňky nokady bolup galdy.

Ukrain resmileri ol ýerdäki ýerasty ötüklerde 1000-e çenli parahat ýaşaýjynyň pena tapandygyny aýtdy. Olar Russiýanyň howpsuz ýere çykmaga çalyşýan asuda adamlar üçin şert döretmegine ençeme gezek çagyryş etdiler, ýöne ewakuasiýa guramak baradaky synanyşyklar gaýta-gaýta şowsuzlyga uçrady.

XS
SM
MD
LG