Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 514 tussagyň günäsi geçildi, Adam hukuklary toparynyň düzümi tassyklandy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanda, adat bolşy ýaly, Gadyr gijesiniň öň ýanynda 514 raýatyň günäsi geçildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu karara 22-nji aprelde, sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi.

Günäsi geçilenleriň "eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelendigi” bellenilýär.

"Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris“ diýip, prezident aýtdy.

Şeýle-de ol, adatça öňki prezidentleriň edişi ýaly, günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Ýöne ýurtda öňki tussaglaryň işe ýerleşdirilişi ýa olara täze hünär almak, öz işlerini açmak mümkinçiliginiň döredilişi barada anyk maglumat berilmeýär.

Günäsi geçilenleriň arasynda halkara hukuk toparlary tarapyndan syýasy tussag ýa-da wyždan ýersiri diýlip atlandyrylan adamlaryň bardygy ýa-da ýokdugy belli däl.

Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň biri hasaplanylýar we günäsi geçilenleriň tussaglykda galan adamlaryň näçe göterimini düzýändigi, esasan haýsy jenaýatlary eden adamlaryň günäsiniň geçilýändigi anyklaşdyrylmaýar.

22-nji aprelde Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça Pudagara toparynyň hem düzümi tassyklandy.

Prezidentiň gol çeken resminamasyna laýyklykda, "Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy” diýip habarda aýdylýar.

Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan adam hukuklaryny we öz üstüne alan hukuk borçnamalaryny yzygiderli bozmakda, söz, metbugat, ýygnanyşmak azatlygyna ýol bermezlikde, raýatlaryň türmelerde ýitirim edilmeginde... tankyt edilýär, emma hökümet bu tankydy umumylykda inkär edýär.

XS
SM
MD
LG