Mariupol goragy synmak howpy astynda, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski öz güýçleriniň ýurduň gündogarynda garaşylýan giň gerimli rus hüjümine berk gaýtawul berjekdigini aýdýar. Zelenski CNN telekanalynda 17-nji aprelde berlen interwýusynda "Biz öz topraklarymyzy bermeris” diýdi. Kiýewiň hasaplamalaryna görä, bu şähere urlan howa zarbalaryndan we köçe söweşlerinden azyndan 21 müň adam heläk boldy.
Zelenski rus güýçleriniň, eger-de Ukrainanyň gündogaryndaky söweşleri ugruna bolsa, ýene-de paýtagt Kiýewi ele geçirjek bolup synanmajagyna kepillik ýok diýdi we urşuň ykbalynyň Donbas sebitinde, Ukrainanyň gündogaryndaky senagat merkezinde çözülip bilinjekdigini belledi.
"Şu sebäpden biziň öz ornumyzda berk durmagymyz we olara ýol bermezligimiz öräm möhüm, çünki bu söweş... tutuş urşuň barşyna täsir ýetirip biler” diýip, Zelenski CNN telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.
"Sebäbi men rus harbylaryna we rus ýolbaşçylaryna ynanmaýaryn” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Rus goşunlary Kiýew sebitinde we onuň töwereginde ukrain goşunlarynyň we parahat ilatyň garaşylyşyndan has berk gaýtawulyna duçar bolup, yza çekilmäge hem-de güýçlerini gündogar we günorta Ukraina gönükdirmäge mejbur boldular.
Şeýle-de, Mariupolyň şäher meýdançalaryny ukrain güýçlerinden saplandyklaryny we galan esgerleri günortadaky portda ýerleşýän uly demir zawodyna gabandyklaryny aýdan rus güýçleri şäheri oka tutmaklaryny dowam etdirdiler.
Zelenski we beýleki ukrain liderleri Mariupolyň goragçylarynyň, agyr şertlere we umytsyz ýagdaýlara garamazdan, rus goşunlarynyň öňünde durmagy dowam etdirýändiklerini aýdýarlar.
Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar 17-nji aprelde Mariupoldaky garşylyk ojaklarynyň biriniň, Azow deňziniň esasy portuny goraýjylaryň şäheri gabaýan rus güýçlerini köp derejede egläp bilendigini aýtdy.
Ol Mariupoly "Ukrainany goraýan galkan" hökmünde häsiýetlendirdi we onuň şäheri gaban rus goşunlarynyň ýurduň beýleki sebitlerine gitmeginiň öňüni alýandygyny aýtdy.
Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhal Mariupolyň harabalyklarynyň arasyndaky söweşleriň "soňuna çenli alnyp gidiljekdigini" aýtdy we şäheriň ruslara tabyn bolandygyny inkär etdi.
Şmyhal 17-nji aprelde ABC telewideniýesine "şäher entek synanok, ol ýerde şindi hem biziň harby güýçlerimiz, esgerlerimiz bar, olar soňuna çenli söweşerler” diýdi
Russiýa “Azowstal” polat zawodyndaky ukrain esgerlerine 17-nji aprelde, ýerli wagt bilen ir sagat sagat 6-a çenli ýaraglaryny taşlamak we tabyn bolmak ultimatumyny berdi.
Emma bellenilen möhletden birnäçe sagat soň hem, demir zawodyndaky ötüklerde gizlenýän we oklary gutarýança söweşýän ukrain esgerleriniň bu talaby ýerine ýetireni görünmedi.
Kiýew bu ultimatuma bada-bat jogap bermekden saklandy, ýöne ukrain harbylary rus güýçleriniň Mariupola urýan howa zarbasyny, portuň golaýyndaky hüjüm operasiýalary bilen birlikde, dowam etdirýändigini aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi “Azowstal” zawodynda 2500-e golaý ukrain esgeriniň galandygyny aýtdy, emma bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýär. Ukrain resmileri şäheri goraýjylaryň sany babatda hiç bir zat aýtmadylar.
Zelenski 16-njy aprelde Russiýany Mariupolda "ähli adamy bilkastdan ýok etmek synanyşygynda" aýyplady we öz goşunlarynyň öldürilmeginiň parahatçylyk tagallalaryny puja çykarjakdygyny aýtdy.
"Esgerlerimiziň ýoly baglandy, ýaraly bolanlaryň ýoly ýapyldy. O ýerde ynsanperwerlik krizisi bar... Emma muňa garamazdan, ol ýigitler özlerini goraýarlar" diýip, ol "Ukrainska Prawda" habarlar portalyna aýtdy.
Moskwa öz goşunlarynyň iň gazaply söweşlere we asuda ilatyň iň agyr görgülerine şaýat bolan portuň, Mariupolyň şäher etraplaryny arassalandygyny aýtdy.
Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk, Ukraina bilen Russiýanyň Mariupoldaky parahat ilaty we ýaralanan ukrain esgerlerini howpsuz ýere çykarmak üçin gumanitar koridorlary açmak meselesinde ylalaşyp bilmändiklerini aýtdy.
"Ewakuasiýa ýollarynda atşygyň bes edilmegi barada ylalaşyk gazanyp bilmedik. Şu sebäpden, gynansak-da, bu gün biz gumanitar koridorlary açmaýarys" diýip, Wereşçuk 17-nji aprelde öz telegram hasabynda aýtdy.
Rus güýçleriniň Mariupoly ele geçirendigi tassyklansa, bu Ukrainanyň 24-nji fewralda başlanan sebäpsiz urşuň dowamynda synan ilkinji uly şäheri bolar.
Mariupolyň synmagy rus güýçlerine günorta, bikanun anneksiýa edilen Krym ýarymadasyna, Donbas sebitindäki goşunlar bilen doly aragatnaşyk gurmaga ýol açar.
Britaniýanyň Goranmak ministrligi soňky habarynda rus güýçleriniň Belarusdan gündogar Ukraina, şol sanda Harkow we Sewerdonetskä ýakyn ýerlerde söweş we goldaw enjamlaryny gaýtadan ýerleşdirmegini dowam etdirýändigini aýtdy.
Rus artilleriýasy ýurduň gündogar bölegine, rus güýçleriniň öz hüjümini gaýtadan güýçlendirjek ýerlerindäki ukrain pozisiýalaryna zarba urmagyny dowam etdirýär diýip, ministrlik aýtdy.
Harby çäre merkeziniň gündogar Ukraina gönükdirilendigine garamazdan, Russiýanyň esasy maksady öňküliginde galýar diýip, habarda Moskwanyň Ukrainany Ýewro-Atlantik ugrundan ýüz öwürmäge hem-de sebitdäki rus agalygynyň täsirinde galmaga mejbur etjek bolýandygy nygtalýar.
Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba 17-nji aprelde Mariupoluň bombalanmakdan ýaňa doly ýykylyp-ýumrulandygyny aýtdy.
Kiýewiň hasaplamalaryna görä, bu şähere urlan howa zarbalaryndan we köçe söweşlerinden azyndan 21 müň adam wepat boldy.