Türkmenistanda COVID-19-yň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri ýurduň käbir welaýatlarynda pandemiýa aladalary sebäpli girizilen çäklendirmeleriň gerimini gaýtadan güýçlendirýär. Maryda bazarlaryň ençemesi ýapylyp, olaryň girelgelerine beton böwetler goýuldy. Saglyk işgärleriniň birnäçesi munuň ilat arasynda COVID-19-yň "omikron" görnüşi bilen keselleýänleriň köpelmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.
15-nji aprelde Mary şäherindäki "Altyn Asyr", "Bagtyýarlyk" we "'Güneş" bazarlary, şeýle-de, Mollanepes köçesiniň ugrundaky "Gök bazary", Oguzhan köçesiniň ugrundaky "Ak bazary" we A.Nyýazow köçesiniň ugrundaky "Läle bazary" duýdansyz ýapyldy. Olara söwdagärler we alyjylar goýberilmedi. Bazarlaryň girelgelerinde uly beton böwetler goýlup, awtoulaglaryň bazarlara girmegi çäklendirildi.
"Polisiýa işgärleri alyjylary we söwdagärleri bazarlardan kowup çykardylar. Söwdagärler bazarlaryň arka tarapynda gizlendiler we şol ýerde harytlaryny satmaga synanyşdylar. Ýöne polisiýa işgärleri öz resmi formalarynyň üstünden raýat geýimlerini geýip, bu ýerde gizlenen söwdagärleri tutdular we olardan 200 manat para aldylar, soňra-da olary kowdular" diýip, waka şaýat bolan alyjylaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Habarçymyz 15-nji aprelde irden Baýramaly etrap bazarynyň hem duýdansyz ýapylandygyny habar berdi. Waka şaýat bolan alyjylaryň ençemesiniň gürrüň bermegine görä, polisiýa işgärleri söwdagärleriň harytlaryny ýere taşlap, olary bazardan kowdular. Söwdagärleriň arasynda öz harytlarynyň ýere taşlanyp, guma bulanyna gahary gelip, polisiýa bilen ýakalaşanlary hem boldy.
"Seniň meniň harydymy ýere zyňmaga näme hakyň bar? Bu egin-eşik. Sen muny gum etdiň. Men muny kaksam gumy aýrylmaýar, ýuwsam "täze" diýip satyp bolmaýar. Indi, munuň bahasyny töle diýip, bir bazar satyjysy gaharlandy. Polisiýa tölemejekdigini aýtdy. Onda üç satyjy bolup, iki sany polisiýa işgärini güýç bilen batly döşünden itdiler. Olar bazaryň içinden geçýän, akman duran zeý kanala ýykyldylar. Soňra olar üç satyjyny polisiýa bölümine alyp gitdiler" diýip, waka şaýat bolan alyjy gürrüň berdi.
Habarçymyzyň sözlerine görä, Baýramaly etrap bazary ýapylandan soňra söwdagärler Medeniýet ýolunyň ugrundaky boş meýdanda döredilen öňki emeli bazara gitdiler we bu ýerde söwdalaryny dowam etdirdiler.
"Bir salymdan soň, polisiýa gelip, satyjylary bu emeli bazardan kowmaga synanyşdy. Emma bu başa barmady" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran bir söwdagär aýtdy.
Ýerli häkimiýetler bazarlaryň gaýtadan ýapylmagy barada anyk maglumat bermeýär. Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan saglyk işgärleriniň birnäçesi munuň ilat arasynda COVID-19-yň "omikron" görnüşi bilen keselleýänleriň köpelmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
Bu habar, ýurtda koronawirusa garşy göreşiň güýçlendirilýändigi, Türkmenbaşyda häkimiýetleriň ilatdan ähli ýerde maskaly ýörmegi talap edýändigi barada geçen hepdäniň başynda gelip gowşan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmen hökümeti pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda berk karantin çäklendirmelerini girizdi. Bu çäklendirmeler käte gowşadylyp, käte-de berkidilýär. Ýöne häkimiýetler ilaty bu çäklendirmeler bilen bagly wagtly-wagtynda habarly etmeýär.
Azatlygyň habarçylary ýurtda pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli on müňlerçe raýatyň gazanç çeşmesinden mahrum bolandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olar bu raýatlara döwlet tarapyndan hiç hili maddy goldaw berilmeýändigini belläp, çäklendirmeleriň ykdysady kynçylyklar sebäpli güzeran eklenji agyrlaşan köp maşgala has-da ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýarlar.
Türkmen hökümeti pandemiýa çäklendirmeleriniň girizilmegi we olaryň haçan doly ýatyryljakdygy barada ilat köpçüligine aç-açan we jikme-jik maglumat bermeýär. Ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýtynda hem, çäklendirmeleriň umumy sanawy barada maglumat göze ilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.