Ýene bir türkmen uçary Minske baryp gaýtdy, ozalkysynyň gyssagly gonmagyna galp bomba howpy sebäp boldy
11-nji aprelde Türkmenistan howa ýollarynyň ýene bir ýörite uçuşy Türkmenistandan Minskä we yzyna amala aşyryldy. Bu barada habar berýän Belarusyň "Hajun" proýektine görä, Minskden Türkmenabat şäherine ýakynda çarter uçuşyny amala aşyran öňki uçaryň yzyna gonmagyna galp bomba howpy sebäp bolupdyr. Ýatlatsak, 8-nji aprelde Minskden Türkmenabat şäherine çarter uçuşyny amala aşyran “Türkmen howa ýollarynyň” uçary, uçanyndan bir sagat geçmänkä, yzyna gaýdyp, Minskiň aeroportuna gyssagly gonmaga mejbur bolupdy. Uçar şonda dört sagat soň 9-njy aprelde Türkmenbaşyda eden aralyk duralgasy bilen Türkmenabat şäherine barypdy.