Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bazarlar ýapyk galýan wagty telekeçileriň söwda etmek synanyşyklary para bilen soňlanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri karantin çäklendirmeleriniň arasynda bazarlary bölekleýin ýapyk saklamagy dowam etdirýär. Çäklendirmeler sebäpli indi bir aý gowrak wagt bäri gazançsyz galan aşgabatly söwdagärler şäheriň "Altyn asyr" bazarynda gizlin söwda etmäge çalyşýarlar. Ýöne olaryň bu synanyşyklary köplenç bazardan kowulmak ýa-da para bermek bilen soňlanýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berýär.

Onuň sözlerine görä, soňky günlerde egin-eşik, öý goşlary, tehniki enjamlar ýaly harytlary satýan söwdagärler öz önümlerini "Altyn asyr" gündogar bazarynyň dürli künjeklerinde, ýagny söwdanyň göz öňünde tutulmadyk ýerlerinde satyp başladylar.

"Olar öz harytlaryny azyk bölümine geçilýän ýoluň ugrunda we awtoulaglaryň duralgasynyň töwereginde satýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 24-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Ýöne bazar administrasiýasynyň işgärleri söwdanyň bu görnüşiniň gadagandygyny aýdyp, söwdagärleri bu ýerlerden kowýarlar. Bazarlaryň bölekleýin ýapylmagy bilen, bir aý gowrak wagt bäri gazançsyz galan söwdagärler häkimiýetleriň bu gadagançylygyndan para berip ýa-da wagtlaýyn goşlaryny ýygnap, "çykalga" tapmaga mejbur bolýarlar.

"Käbir söwdagärler goşlaryny ýygnap gidýärler. Olaryň käbiri bolsa, her gün üçin 50 manat para bermäge mejbur bolýar. Şondan soň bazar administrasiýasynyň işgärleri olaryň söwdasyna göz ýumýar" diýip, çeşmämiz belledi.

Aşgabatdaky beýleki bir çeşmämiz goşlaryny ýygnap giden käbir söwdagärleriň bazar administrasiýasynyň işgärleri gidensoň, yzlaryna dolanyp, gaýtadan söwda edýändigini hem gürrüň berdi.

"Söwdagärleriň arasynda "hökümet bize ne maddy kömek berýär, ne-de işlemegimize rugsat berýär. Biz çagalarymyzy nädip eklemeli?" diýip, öz nägileliklerini beýan edýänler hem bar. Olaryň ýagdaýyny göreniňde nebsiň agyrýar" diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.

Häzirki wagt "Altyn asyr" gündogar bazarynda diňe azyk we gap-gaç ýuwujy serişdeler ýaly senagat harytlarynyň satuwyna rugsat berilýär. Bazarda galan harytlaryň söwdasy gadagan edilýär. Bu gadagançylyk häkimiýetleriň 15-nji ýanwarda girizen gulplama çäresinden bäri dowam edýär.

Habarçymyzyň redaksiýamyza iberen wideosynda bazaryň käbir bölümlerinde, ýagny ilatyň sarp edýän beýleki önümçilik harytlarynyň satuwy amala aşyrylýan ýerlerinde boş duran söwda tekjelerini görse bolýar. Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli bu wideony çap etmekden saklanýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri 15-nji ýanwarda ýurtda ýene bir gulplama girizdi. Bu gulplamanyň yglan edilmegi ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Aşgabatda koronawirusyň "omikron" görnüşi bilen keselleýänleriň köpelendigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat gelipdi.

Bu çäklendirmeler müňlerçe adamyň, şol sanda söwdagärleriň gazançsyz galmagyna getirdi. 2020-nji ýylyň martyndan bäri ýurtda koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem resmi hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri hususy telekeçileriň çekýän zyýanynyň öwezini dolmaýar we olara ygtybarly alternatiwalary hem hödürlemeýär.

Bu ýagdaý, soňky aýlarda türkmen raýatlarynyň ýitileşýän maliýe çökgünliginiň, şeýle-de azyk gymmatçylygynyň we gytçylygynyň arasynda türkmen hökümetine garşy açyk protest çärelerini hem geçirmegine sebäp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG