Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken: Gazagystandaky “atyp öldürmek” buýrugy ýatyrylmaly


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň “atyp öldürmek” buýrugyny ýazgardy we Gazagystandaky içerki tolgunyşygyň arasynda rus ýolbaşçylygyndaky howpsuzlyk güýçlerini çagyrmak zerurlygynyň sebäpleri barada Waşingtonyň düşündiriş soraýandygyny aýtdy.

“Atyp öldürmek buýrugy, şeýle buýrugyň barlygy, ýalňyşdyr we ol ýatyrylmaly” diýip, Blinken 9-njy ýanwarda ABC-TV kanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Gazagystanyň şäherleri ilkibaşda, 2-nji ýanwarda subsidirlenen suwuklandyrylan nebit gazynyň (LPG) bahasynyň iki esse gymmatlamagy sebäpli günbatar Mangystau sebitinde tutaşan protestlerden ejir çekdi.

Protestler ýaýbaňlandy we berk gözegçilikli ýurtda syýasy reforma çagyryşlary bilen utgaşdy. Tokaýew muňa jogap edip, 19-njy ýanwara çenli ýurtda komendant sagatlaryny, hereket çäklendirmelerini we köpçülikleýin ýygnanyşmak gadaganlyklaryny öz içine alýan adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Tokaýew demonstrantlary “garakçylar” we “terrorçylar” hökmünde suratlandyryp, howpsuzlyk güýçlerine olary “atyp öldürmäge” rugsat berdi. Protestçiler bu ýarlyklary ret edýärler.

XS
SM
MD
LG