Okuwdan çykarylan ogly ýurda gelip bilmän, rus aeroportunda ýatyp-turýan enäniň kyssasy
Maryly pensioner Ogulnur eje (ady üýtgedildi), Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ogluny daşary ýurda okamaga iberip, onuň bir gün ýokary hünär alyp gelmegine, ene-atasynyň we doganlarynyň daýanç-diregi bolmagyna garaşan türkmen eneleriniň diňe biri. Ol Azatlygyň ýerli habarçysy bilen duşuşyp, özi ýaly agyr güne düşen adamlaryň az däldigini aýdyp, maşgalasynyň hal-ahwaly hakynda jikme-jik gürrüň berdi.