Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bekre söwdasy 'görülmedik derejede' erkin, ilatda pul ýok, balyklar 'zaýa bolýar'


Bikanun tutulýan balyklaryň söwdasy görülmedik derejede erkin boldy.
Bikanun tutulýan balyklaryň söwdasy görülmedik derejede erkin boldy.

Türkmenistanda ilatyň elýeterli bahalardan täze balyk etini alyp bilmegi we adatça goýun, sygyr, düýe we guş etlerine ýykgyn edýän adamlaryň arasynda balyk iýmek medeniýetini ösdürmek barada onlarça ýyl bäri edilýän tagalla, ilatyň maliýe ýagdaýynyň yzygiderli peselmegi bilen, bir tarapdan goralýan balyklaryň has kän bikanun tutulmagy, ikinji tarapdan, geçmedik gymmat balyklaryň zibil çeleklerine taşlanmagy sebäpli, garaşylýan netijeleri bermedige meňzeýär.

Azatlygyň redaksiýasyna gelip gowşan soňky maglumatlar bu zaýaçylygyň Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda has köp göze dürtülýändigini tassyklaýar.

“Osetra, ýagny bekre balygy, döwlet tarapyndan goralýandygyna garamazdan, Türkmenbaşyda şu günler ozal görlüp-eşidilmedik derejelerde erkin satylýar” diýip, Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bekre balygy diňe bazarlarda däl, öýlere aýlanyp hem satylýar.

“Balyk aljak” diýseň bolany, näçe diýseň, nirä diýseň, getirip berýärler” diýip, habarçynyň sözüni Türkmenbaşynyň bir ýaşaýjysy hem tassyk etdi. Ýöne ol özüniň, isleýän hem bolsa, puluny balyga sowup bilmeýändigini, sebäbi aýlygynyň “aýnamaga mümkinçilik bermeýändigini” aýtdy.

Azatlygyň habarçylary bekre balygynyň bikanun tutulmagy we gaçak ýollar bilen satylmagy barada mundan öňki ýyllarda hem maglumat beripdiler. Ýöne indi, üç-dört ýyl mundan öňki şertlerden tapawutlylykda, balyk alýanlaryň öňkülerinden hem has azalýandygy aýdylýar.

“Özüňiz bilýäňiz, ilatda kän pul ýok, täze balygyň eti esasan gurply, ortadan has ýokary hasaplanýan maşgalalaryň baýramçylyk saçaklaryny bezeýär” diýip, habarçy belledi.

Ýöne ol, baýramçylyklardan öň gurply maşgalalaryň hasabyna gazanç etmäge çalyşýan işsiz adamlaryň özara ýaryşyp, Hazar deňziniň tebigatyna ‘uly zyýan’ ýetirýändiklerini, baý adamlaryň az bolmagynyň balygyň az tutulmagyna getirmeýändigini hem sözüne goşdy.

“Balyklar rehimsiz awlanýar. Türkmen kanunçylygy köplenç parahorluga esaslanansoň, bu gymmat balygy arkaýyn awlaýan adamlar kanun goraýjylar bilen özara dil tapyşmaly bolýar. Bikanun iş edýänleriň kanun goraýjylary “satyn almagy” hiç kim üçin syr däl. Iň erbedi, bikanun awlanýan balyklaryň diňe 20% çemesi söwda tekjelerine çykarylyp satylýar, olaryň 80%-e golaýy wagty geçip, porsap başlanda zibil çeleklerine taşlanýar” diýip, habarçy aýtdy.

Wikepdiýanyň maglumatlaryna görä, balygyň düýbünden ýitip barýan görnüşi hasaplanýan bekreler Gündogar, Günorta-Gündogar Hazar deňzinde we Amyderýanyň hemme ýerinde duş gelýär; Garagum derýasyna, onuň ugrundaky suw howdanlaryna, Sarygamyş kölüne geçýär. Hazar we Amyderýa döwlet goraghanalarynda goralýan bekre balyklaryny tutmak gadagan we, köpeltmek üçin, olary emeli usullarda ösdürip ýetişdirmek maslahat berilýär.

Ikinji tarapdan, hünärmenleriň köpüsiniň pikirine görä, bekre balyklaryny gorap saklamagyň ýene bir ugry beýleki balyklary köpeltmek, bazarda balyk bolçulygyny we arzançylygyny döretmek bilen bagly.

Türkmen mediasy ýurduň emeli suw howdanlarynda balykçylygy ösdürmek üçin uly işleriň alnyp barylýandygyny habar berýär. Mysal üçin, “Biznes Türkmenistan” neşiri maý aýynda “Elin balyk” hojalyk jemgyýetiniň Bäherden etrabynda 10 gektar meýdanda alabalyk (forel) ýetişdirjek fermanyň gurluşygyna başlandygyny habar berdi.

Emma ýurduň ykdysadyýetiniň, şol sanda balykçylyk pudagynyň hem diňe bir adam tarapyndan dolandyrylmagy balyk önümçiligini hem bökdäp gelýär; 1991-nji ýylyň oktýabrynda döredilen döwlet balykçylyk hojalygy 2018-nji ýylyň oktýabrynda senagat ministrligine birikdirildi we şu döwürde onuň ýolbaşçylary, köplenç işlerinde düýpli kemçilik goýbermekde aýyplanyp, azyndan 11 gezek täzelendi.

Her kilogramy 1 müň manatdan satylýan bekre balygy türkmenistanlylaryň köpüsi üçin gaty gymmat hasaplanýar; bekre işbiliniň 1 kilogramy 4 müň ABŞ dollary ýa-da 100 müň manat möçberinde bahalanýar; tutulmagy gadagan edilen balygyň bahasy onuň ýitip ýok bolmak howpuny has güýçlendirýär we hökümetiň bu ýagdaýa göz ýummagy köp adamy gynandyrýar, sebäbi bu gidişde bekre geljek nesillere galmaz diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli hünärmen aýtdy.

Azatlyk bilen gürleşen balkanly hünärmeniň sözlerine görä, balyklaryň ownuk gözli torlarda, bikanun tutulmagy 30 ýyldan gowrak ýaşaýan bekreleriň has ýaş wagtlarynda heläk bolmagyna getirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG