Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwisti Allalyýew operasiýa boldy, egindeşleri onuň ýol hadysasyna tötänlikden düşendigine şübheli garaýarlar


Aktiwist Baýram Allalyýew ýol hadysasyndan soň Stambulyň keselhanalarynyň birine ýerleşdirildi.
Aktiwist Baýram Allalyýew ýol hadysasyndan soň Stambulyň keselhanalarynyň birine ýerleşdirildi.

Türkiýede türkmen aktiwisti Baýram Allalyýew mundan bir hepde ozal agyr ýol heläkçiligine uçramagyndan soň 2-nji dekabrda uzak wagta çeken operasiýany başdan geçirdi. Şol bir wagtda, ýakynlary onuň geljekki saglyk ýagdaýy baradaky howatyrlanmalaryň entegem saklanyp galýandygyny, hatda onuň maýyp galmak ähtimallyklarynyň hem bardygyny belleýärler. Bu aralykda, türkmen häkimiýetiniň tankytçysynyň egindeşleri ýol hadysasy bilen bagly gümürtik ýagdaýlaryň bardygyny nygtap, bu işiň adamyň janyna bilkastlaýyndan kast etmek synanyşygy boýunça derňelmegini gazanmak ugrunda tagalla edýändiklerini aýdýarlar.

Türkiýedäki "Oguz medeniýeti, hyzmatdaşlygy we bilim" jemgyýetiniň gurujy agzalaryndan biri, 34 ýaşly Allalyýew 27-nji noýabrda Stambulda daňdan öz motosiklinde kurýerçilik işi bilen meşgullanýan wagty ýol hadysasyna uçrapdy. Onuň bedenine agyr şikesler ýetip, hatda bil böleginiň ençeme ýerinden süňki hem döwülipdi.

Allalyýewiň ýol hadysasyna uçran motosikli
Allalyýewiň ýol hadysasyna uçran motosikli

Allalyýewiň ýakyn hossarlary 3-nji dekabrda Azatlyk bilen söhbetdeşliginde onuň döwlen süňklerini täzeden çatmak boýunça ýörite plastinalary goýmak operasiýasynyň 6,5 çemesi sagat dowam edendigini, onuň häzir entegem narkoz astynda galýandygyny gürrüň berdiler.

Emma olar lukmanlaryň Allalyýewiň geljekde maýyp galmak howatyrlanmalarynyň saklanýandygy, azyndan 5-6 aýyň dowamynda kän hereket etmän, ýörite bejergini geçmelidigi barada duýdurýandyklaryny hem belleýärler.

Baýram Allalyýew türkmen häkimiýetlerini, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoritar syýasatyny açyk tankytlap gelýär.

Ol Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine garşy edilýän basyşlaryň güýçlenmeginiň arasynda, oktýabryň aýagynda Stambulda tussag edilip, deportasiýa merkezine hem ýerleşdirilipdi.

Allalyýew soňy bilen, şol sanda hukuk toparlarynyň hem basyşy esasynda Türkmenistana iberilmek howpundan azat bolup, tussaglykdan çykmagy başarypdy.

Bu aralykda, Allalyýewiň ýakynlary we egindeşleri onuň ýol heläkçiligine tötänlikden uçrandygyna şübheli garaýarlar. "Oguz medeniýeti, hyzmatdaşlygy we bilim" jemgyýetiniň başlygy Nurmuhammet Annaýew ýol hadysasynyň köçäniň degişlilikde çola wagty ýüze çykandygyny, şeýle-de beýleki tarapyň hadysadan soň motosiklinden agyp ýerde ýatan Allalyýewiň ýanyna baryp ony synlandygyny, mundan soň hem ulagyny onuň üstüne gaýtadan sürmäge synanyşandygyny gürrüň berdi.

Baýram Allalyýew Stambulyň keselhanasynda
Baýram Allalyýew Stambulyň keselhanasynda

“[Hadysadan soň] ulagyň eýesi Baýramyň agyp ýatan ýerine baryp görüpdir. Hadysa şaýat bolanlaryň gürrüňlerine görä, [ulag eýesi] ýerde ýatan Baýramy surata hem alypdyr. Golaýdaky taksi sürüjileri ulag eýesiniň Baýrama kömek etjekdigini çaklapdyrlar. Ýöne haçanda olar onuň täzeden ulagyna münüp, Baýramyň üstünden gaýtadan sürjek bolanyny görenlerinde, galmagal turzup, Baýramy köçäniň gyrasyna çekipdirler” diýip, Annaýew 2-nji dekabrda Azatlyga gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, mundan soň ulag eýesi hadysanyň ýüze çykan ýerini terk edip gaçypdyr. Emma soňundan polisiýanyň gözleg işleri netijesinde saklanypdyr. Emma ony häzire çenli ne Allalyýewiň ýakynlary, ne-de egindeşleri, şol sanda aklawçysy hem görmegi ýa onuň bilen söhbetdeş bolmagy başardy.

Bu maglumatlaryň yzýany, howpsuzlyk aladalary sebäpli, Allalyýewiň äkidilen keselhanasyndaky otagynyň öňüne polisiýa işgärleri ýerleşdirildi, şeýle-de lukmanlardan we ýakyn hossarlaryndan başga hiç kim onuň ýanyna goýberilmedi diýip, onuň ýakynlarynyň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Mundan başga-da, Allalyýewiň keselhanada ýerinden galyp bilmän ýatan wagty, 1-nji dekabrda özüni ýol häläkçiligine duçar bolan beýleki tarapyň ätiýaçlandyryş kärhanasynyň wekili hökmünde tanyşdyran bir näbelli şahsdan jaň gelipdir.

Ol kompaniýanyň Allalyýewiň saglyk harajatlaryny çekmäge kömek bermek isleýändigini aýdyp, onuň anyk haýsy hassahanada saklanýandygy bilen gyzyklanypdyr.

Emma haçanda ýakynlary Allalyýewiň telefon belgisini nireden alandygy barada, şeýle-de beýleki goşmaça aýdyňlaşdyryjy soraglary berenlerinde, özüni ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň wekili diýip tanyşdyran şahs söhbetdeşligi bes edipdir.

Nurmuhammet Annaýew
Nurmuhammet Annaýew

“Biziň aklawçymyz hem bu ýagdaýlardan şübhelenip, jaň gelen telefon belgisine gaýtadan özi aýlady. Emma irdenden agşama çenli eden synanyşyklarynyň netijesinde hiç kim jogap bermedi” diýip, Allalyýewiň egindeşi Annaýew gürrüň berdi. Ol aklawçynyň bu şübheli jaň barada Stambulyň polisiýa müdirligini we hassahananyň howpsuzlyk gullugyny habarly edip, türkmen aktiwistiniň janyna howp abandyrylmagynyň mümkindigi barada hem duýdurandygyny aýtdy.

Annaýew mundan bir hepde ozal bolan ýol hadysasyndan ozal Türkiýedäki beýleki aktiwistler bilen birlikde Allalyýewe hem basyş edilendigine ünsi çekip, häzir aklawçylarynyň degişli maglumatlary toplap, ýol heläkçiligi bilen baglylykda adamyň janyna bilkastlaýyndan kast etmek synanyşygy boýunça jenaýat işiniň gozgalmagy ugrunda tagalla edýändiklerini hem sözüne goşdy.

Ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda degişli türk kanun goraýjy edaralaryndan häzirlikçe kommentariýa almak başartmady.

Türkiýedäki türkmenistanlylar watanyndaky awtoritar režime garşy ençeme tapgyr protestleri geçirip, ýurtdaky problemalar barada öz pikirlerini açyk beýan edip gelýärler. Emma soňky aýlarda olar yzygiderli basyşlara we fiziki zorluga sezewar edildi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri türkmen häkimiýetleriniň Türkiýede protest hereketlerini we aktiwistlerini basyp ýatyrmak üçin jenaýat gurluşlaryny ulanmak synanyşyklary barada öňden bäri maglumat alandyklaryny habar beripdi.

Şeýle-de, Azatlygyň çeşmeleri Türkiýedäki aktiwistlere hüjüm etmek üçin MHM-niň mümkin işgärleriniň ýörite Stambula sapar eden bolmaklarynyň ähtimaldygy barada hem habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG