Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin Merkezi Aziýada elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly kynçylyklar dowam edýär?


Ýokary woltly elektrik geçiriji ulgam. Illýustrasiýa suraty.
Ýokary woltly elektrik geçiriji ulgam. Illýustrasiýa suraty.

Gyşyň başlanmagy bilen Merkezi Aziýada elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi duýulýar. Hökümetleriň aýdyşy ýaly, energiýa pudagyny gowulandyrmak üçin, ummasyz mukdarda pul sarp edilýändigine garamazdan, elektrik togunyň kesilip durmagynyň sebäbine düşünmek kyn.

Günbatar Gazagystandan başlap, Täjigistanyň günortasyna çenli Merkezi Aziýanyň ähli ýerinde adamlar elektrik togunyň kesilmeginden kösenýärler. Bu bökdençlik millionlarça adamyň durmuşyna oňaýsyz täsir edýär we hatda adatdan daşary ýagdaýlary-da döredýär.

14-nji oktýabrda Gazagystanyň demirgazyk-gündogarynda üç elektrik stansiýasynda dörän awariýa sebäpli birnäçe tok öndüriji elektrik bölümleri işlemän galdy we netijede 1000 MWt-dan gowrak tok berýän elektrik enjamlarynyň kuwwatynyň peselmegine getirdi.

Bu energiýa infrastrukturasyna we elektrik geçirijilerine ýüzlerçe million dollar maýa goýlandygyna garamazdan, Merkezi Aziýanyň elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly kynçylyklarynyň aýdyň mysaly bolup göründi.

Kynçylyklaryň esasy sebäpleri äşgärdir. Şeýle-de bolsa, bu ýurtlaryň energiýa pudaklary üçin bölünip berlen pul mukdary, şeýle hem halkara maliýe guramalaryndan alynýan maliýe kömegi göz öňünde tutulanda, sözüň doly manysynda gyş başlamazyndan birnäçe hepde öň ýagdaýyň agyr bolmagy ünsi özüne çekijidir.

Maýnerler günäkärmi?

14-nji oktýabrda elektrik desgalarynyň işini saklamagy netijesinde, üç sany elektrik stansiýasy zaýalandy: Ekibastuz GRES-1, Ekibastuz GRES-2 we Aksu elektrik stansiýasy.

Ekibastuz GRES-1 Gazagystandaky iň kuwwatly elektrostansiýa bolup, 4000 MWt tok öndürmäge ukyby bar. Ol Gazagystandaky umumy elektrik energiýasynyň 13%-ne deňdir.

Gazagystanyň elektrik üpjünçilik Kompaniýasy näsazlygyň bölekleýin kemçilikler sebäpli ýüze çykandygyny düşündirdi we muňa abatlaýyş işlerinde goýberilen kemçilikleri-de goşdy. Şeýle hem kriptografik walýuta arkaly hökümetiň soňraky alan ulgamynyň aşa köp ulanylmagyny hem görkezdiler. Hytaýyň bu ýurduň çäginde magdan gazmagy gadagan edilendigi sebäpli köp sanly kriptografiýa Gazagystana geçdi.

Ýöne 8-nji noýabrdan 9-njy noýabr aralygynda, has takygy Gündogar Gazagystan, Demirgazyk Gazagystan we Gyzylorda sebitlerinde, şeýle hem Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda we ýurduň üçünji uly şäheri bolan Şymkentde toguň kesilmegi hasaba alyndy.

Özbegistanyň ýaşaýjylary hem tok üpjünçiliginiň arasynyň kesilýändigini aýdýarlar. Muny ýurduň energetika ministrligi "gysga wagtlyk elektrik togunyň kesilmegi" diýip atlandyrdy, ýogsa birnäçe wagt bäri bu gyşda ýurduň gaz üpjünçiligi meselesinde kynçylyk çekjekdigi äşgär bolup gelýär.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow şu gyşda Gyrgyzystanda elektrik paýlaýyş düzgüniniň girizilmejekdigini aýdyp gelse-de, sentýabryň ahyrynda Milli energetika holding kompaniýasy "ikinji derejeli köçeleri yşyklandyrmak, reklamalary, dükanlaryň, kafeleriň alnyny we beýleki müşderileriň jemlenýän ýerlerini mahabatlandyrýan yşyklandyrylmalara" çäklendirmeler girizmegi buýurdy.

Täjigistanda köp ýerlerde elektrik togunyň kesilmegi eýýäm ýüze çykyp başlady.

Dünýäde tebigy gaz gorlary bilen dördünji orunda durýan Türkmenistanda-da ýurduň paýtagty Aşgabatda elektrik we ýyladyş meselesinde bökdençligiň bardygy hakda habarlar gelip gowuşdy.

Gijeki Bişkegiň görnüşi
Gijeki Bişkegiň görnüşi

Näme üçin bökdençlik ýüze çykýar?

Bu kynçylyklaryň käbiriniň sebäpleri gaty aýdyň.

Sebitiň ilaty ep-esli artdy: 1991-nji ýylyň ahyrynda, Sowet Soýuzy dargan wagtynda, Merkezi Aziýada takmynan 50 million adam ýaşaýardy, şu günki günde takmynan 75 million adam ýaşaýar.

Gyrgyzystan we Täjigistan daglyk ýurtlary bolup, gidroelektrik mümkinçilikleri bilen meşhur. Gidroelektrik stansiýalar Gyrgyzystanda ýurduň elektrik energiýasynyň 90%-ni, Täjigistanda bolsa 98%-ni öndürýär.

Ýöne şu ýylky Merkezi Aziýany gurşap alan güýçli guraklyk gidroelektrik stansiýalaryň kuwwatyna, şol sanda tutuş sebit boýunça umumy energiýanyň azalmagyna sebäp boldy.

Täjigistan häkimiýetleri ýurduň esasy suw howdanlarynda, suwuň derejesiniň näderejede pesdigini habar bermediler, emma Gyrgyzystan Toktogul gidroelektrik stansiýasyndaky suw howdanyndaky suwuň derejesiniň 11,8 milliard kub metrdigini, munuň özi soňky köp ýyllaryň iň pes derejesi – 2020-nji ýylyň noýabr aýynda 14,7 milliard kub metr suwdan hem has pesdigini aýdýar.

Gurnalan kuwwaty 1200 MWt bolan Toktogul GES-i ýurduň içinde öndürilýän elektrik energiýasynyň takmynan 40%-ni üpjün edýär, ýöne gaty zerur bolan energiýany öndürmek üçin, GES öz işini dowam etdirmek bilen geljek ýazda we tomusda oba hojalygyna zerur bolan suwuň howdandaky derejesiniň peselmegine töwekgelçilik döredýär.

Toktagul suw howdany
Toktagul suw howdany

Gyrgyzystan bilen Täjigistan geljekde barha köpelip barýan ilatyny elektrik bilen üpjün etmegi meýilleşdirip başlanda, gurakçylygy hem göz öňünde tutmaly bolarlar. Gidroelektrik energiýasy ileri tutulýan ugur bolsa-da, howanyň üýtgemegi sebäpli beýle ygtybarly bolup bilmeýär.

Halkara Energetika Guramasynyň maglumatyna görä, Özbegistanda gidroelektrik stansiýalar öndürilýän elektrik energiýasynyň takmynan 12%-ni tutýar.

Özbegistanyň Energetika ministrligi şu ýyl gidroelektrik stansiýalar üçin suwuň pes derejesine laýyklykda, gidroelektrik öndürijileriniň 23% azaldylmagyny üpjün etdi.

Gazagystan bilen Özbegistan Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurtlary hasaplanýar, iki ýurt hem elektrik energiýasy babatynda, esasan ýylylyk elektrik stansiýalaryna garaşly bolýarlar.

Gazagystandaky ýylylyk elektrik stansiýalarynyň köprägi kömür bilen işleýär, Özbegistandaky ýylylyk elektrik stansiýalarynyň köpüsi gaz bilen işleýär.

Gazagystanda 68 elektrik stansiýasy bar, olaryň 80%-i kömür bilen işleýän elektrik stansiýalary bolup, köpüsi ýurduň demirgazygynda, iň iri kömür känleriniň ýerleşýän ýerinde. Kömür ätiýaçlyklary boýunça Gazagystan dünýäde 10-njy orunda durýar.

Özbegistanyň elektrik energiýasynyň takmynan 88%-i ýylylyk elektrik stansiýalary tarapyndan öndürilýär, köpüsi-de tebigy gaz ulanýar.

Özbegistanda aýan edilen tebigy gazyň ätiýaçlyklary takmynan 800 milliard kub metr, emma Özbegistanda gaz çykarylyşy azalýar.

2020-nji ýylyň dekabrynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň gaz eksportyny bes etmegi buýurdy hem gazy içerki sarp edijilere gönükdirmegi tabşyrdy. Mirziýoýew öňdäki ýetip gelýän gyş üçin hem şuňa meňzeş görkezme berdi.

Elektrik geçiriji ulgam. Illýustrasiýa suraty
Elektrik geçiriji ulgam. Illýustrasiýa suraty

Elektrik stansiýalary könelýär

Merkezi Aziýanyň energiýa infrastrukturasy bilen baglanyşykly iň uly mesele, olaryň aşa könelmegidir. Elektrik stansiýalaryň köpüsi baryp Sowet Soýuzy döwründe, käbirleri hatda SSSR dargamazdan has öň gurlupdy.

Ulanylýan elektrik geçirijileriň käbirleri "könelişen" hasaplanýar, beýlekileri bolsa “öz ýaşamaly zamanyny geçiren” gurallar saýylýar. Gynansak-da, Merkezi Aziýada oňa henizem zerurlyk bar.

Aziýanyň Ösüş banky 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Gazagystan baradaky hasabatynda "elektrik energiýasyny öndürmegi üpjün edýän infrastrukturanyň 70%-niň ýaňadan dikeldilmeginiň" zerurdygyny aýtdy.

Ekibastuz GRES-1 Merkezi Aziýadaky elektrik stansiýalarynyň standartlary boýunça has täze. Sekiz kuwwatly desganyň birinji bölegi 1980-nji ýylda işe girizildi.

Aksu elektrik stansiýasyndaky ilkinji blok 1968-nji ýylda, 1967-nji ýylda Günorta Gazagystanyň Žambyl sebitinde ilkinji gaz bloky işe girizildi.

3000 MWt kuwwatly Özbegistanyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň iň uly elektrik stansiýasy Syrderýa TES-i hasaplanýar. Ol 1972-nji ýylda ulanyşyga berildi.

12 bölekden ybarat bolan Daşkent TES-niň kuwwaty 2230 MWt. Onuň ilkinji blogy 1963-nji ýylda işe girizildi. Garagalpagystandaky Tahýadaş (kuwwaty 770 MWt) we Nowaýydaky (kuwwaty 1000 MWt) TES-leri 1960-njy ýyllaryň başynda gurlupdy.

Kömür bilen işleýän Bişkek TES-niň ilkinji bölegi 60 ýyl mundan öň işe girizilipdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýanyň umumy bir kynçylygy bar – elektrik geçirijileri.

Gazagystanyň paýtagtynda köçe çyralary we elektrik geçiriji ulgamyň sütünleri. Illýustrasiýa suraty.
Gazagystanyň paýtagtynda köçe çyralary we elektrik geçiriji ulgamyň sütünleri. Illýustrasiýa suraty.

Mysal üçin, Gazagystanda elektrik togunyň ýitgileri, esasan, köne elektrik geçirijileri sebäpli bolup, ýitgi 15-16% aralygyndadyr.

Türkmenistanda bar bolan 12 ýylylyk elektrik stansiýasynyň 8 sanysy 21-nji asyryň başynda işe başlady. 1991-nji ýyldan bäri diňe birnäçe elektrik stansiýasy guruldy. Olardan Özbegistanda kuwwaty 1700 MWt bolan Tallymerjen TES-niň gurluşygy 2004-nji ýylda tamamlandy. Üç ýyl mundan ozal Duşenbe TES-niň gurluşygy tamamlandy, onuň kuwwaty 400 MWt. Başga-da meýilleşdirilen köp gurluşyklar bar.

Gazagystanda Balhaş kölüniň ýakasynda takmynan 2,5 milliard dollarlyk kömür bilen işleýän, kuwwaty 1320 MWt bolan, ýylylyk elektrik stansiýasyny gurmak barada teklip bar. Özbegistanyň Surhanderýa sebitinde 1560 MWt kuwwatly gaz ýylylyk elektrik stansiýasy gurulmaly, onuň bahasy takmynan 1,2 milliard dollar.

Şeýle-de bolsa, owaly bilen bar bolan energiýa infrastrukturasynyň işlemegi üçin, ep-esli serişde sarp edildi.

Täzelemek işleri peýda edermi?

Özbegistan 2006-njy ýylda takmynan Syrderýa TES-niň 5-nji blogyny döwrebaplaşdyrmak boýunça 41 million dollarlyk işlere başlady. 29 million dollar harç edilen 6-njy blokdaky abatlaýyş işleri 2010-njy ýylda tamamlandy, 2014-nji ýyla çenli ol stansiýada takmynan 60 million dollarlyk iki sany enjamy düýpli abatladylar.

2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Özbegistan Aziýa Ösüş bankyndan 300 million dollarlyk karz alyp, Tahýadaş TES-ni döwrebaplaşdyrmak üçin, takmynan 700 million dollar sarp etjekdigini habar berdi.

2013-nji ýylda Ýaponiýa Özbegistana Nowaýy TES-ni döwrebaplaşdyrmak üçin, 354 million dollar berdi.

2019-njy ýylyň iýul aýynda elektrik geçirijisindäki näsazlyklar sebäpli TES öz işini saklady, netijede demirgazyk-günbatar Özbegistanyň köp bölegi toksuz galdy.

Elektrik geçiriji ulgam. Illýustrasiýa suraty
Elektrik geçiriji ulgam. Illýustrasiýa suraty

Ekibastuz GRES-1 döwrebaplaşdyrmak 2012-2017-nji ýyllarda amala aşyryldy, şeýle-de bolsa, 2020-nji ýylda stansiýany döwrebaplaşdyrmak üçin, ýene täze taslama tassyklandy.

Gyrgyzystan Bişkek TES-ni düýpli abatlamak üçin, Hytaýyň Eksport-import bankyndan, 386 million dollar karz aldy. Ol iş 2017-nji ýylyň awgust aýynda tamamlandy we 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda, howanyň temperaturasy minus 27 derejä düşende, adaty bolmadyk sowuk wagtda, stansiýa hatardan çykdy.

2017-18-nji ýylyň sowuk gelen gyşy Türkmenistana agyr zarba urdy, tutuş ýurtda elektrik üpjünçiligi kesildi.

2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aziýanyň Ösüş banky Türkmenistanyň elektrik ulgamynyň “ygtybarlylygyny we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak” üçin, 500 million dollarlyk karzy tassyklady.

Ýöne 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň köp böleginde, şol sanda Aşgabatda hem elektrik togy kesildi we suw üpjünçiligi meselesinde kynçylyk döretdi. Elektrik togunyň kesilmegi henizem gyşyň sowuk döwürlerinde, yssy tomus günlerinde, howanyň temperaturasy 50 dereje ýokarlananda ýüze çykýar.

Bu kynçylyklaryň ählisi barada ýeke-täk umytly faktor, sebitde Türkmenistandan başga ähli hökümetler energiýa çeşmelerini döwrebaplaşdyrmagy ösdürmek üçin, serişde sarp etjekdiklerini aýdýarlar.

Soňky bäş ýylda Merkezi Aziýanyň energiýa pudagy üçin, daşary ýurtlardan alnan karzlaryň köpüsi energiýa çeşmelerini gaýtadan dikeldiş işlerine gönükdirildi.

Merkezi Aziýadaky elektrik stansiýalarynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmak bilen birlikde, täze desgalaryň gurulmagy elektrik öndürmegiň we paýlamagyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga umyt döredýär.

Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda köne elektrik stansiýalaryny we elektrik ulgamlaryny abatlamak üçin, milliardlarça dollar sarp edilendigine garamazdan, Merkezi Aziýanyň ilaty ýetip gelýän gyşy nädip ýyly geçirmek barada alada edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG