Ýewropa Bileleşigi Polşa – Belarus serhedindäki krizis boýunça Belarusy jezalandyrmaga taýýarlanýar. Ýakyn Gündogardan, Owganystandan we Afrikadan bolan ýüzlerçe migrant sowuk howada az iýmit bilen Polşa – Belarus serhedinde çykgynsyz saklanyp galýar.
Bileleşige agza ýurtlaryň 27 ilçisi 10-njy noýabrda bu ýagdaýyň mundan beýläk girizilmeli sanksiýalara kanuny esas bolup durýandygyny aýtdy. Belarusyň daşary işler ministri we milli howa ýollary kompaniýasy bilen bir hatarda 30 töweregi adamy we edara-kärhanany nyşana alýan sanksiýalaryň öňümizdäki hepde yglan edilmegi mümkin.
ÝB liderleri Minski uruşdan ejir çeken we garyp ýurtlardan aldaw ýoly bilen migrant çekip, olary Bileleşigiň gündogar ganatynda başly-baratlyk döretmek üçin, bilkastlaýyn Polşanyň serhedine itermekde aýypladylar.
Polşa migrantlary öz çägine goýbermekden ýüz öwrüp, soňky hepdelerde serhede ýüzlerçe goşun iberdi.
Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Şarl Mişel Belarusyň hereketlerini “ümsüm ar alyş” atlandyrdy. Ol bu hereketleriň Ýewropa Bileleşiginiň 2020-nji ýylyň awgustynda Belarusda demokratik saýlawlary, hem-de “amala aşmagyna umyt bildirilen” demokratiki özgerişleri goldany üçin edilýändigini aýtdy.
10-njy noýabrda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen duşuşyp, ýagdaýy maslahat etdi we olar “kadasyz migrasiýa akymy boýunça çuňňur alada” beýan etdiler.