Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klimat boýunça konferensiýa “soňky umyt” hökmünde garalýar


Britan premýer-ministri “Eger-de Glazgow başa barmasa, onda ähli zat başa barmaz” diýip, meseläniň çynlakaýdygyny duýdurdy.
Britan premýer-ministri “Eger-de Glazgow başa barmasa, onda ähli zat başa barmaz” diýip, meseläniň çynlakaýdygyny duýdurdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson 1-nji noýabrda BMG-niň klimat boýunça sammitiniň dowamynda, dünýäniň global ýylanyşyň gerimini haýallatmak boýunça wagtynyň az galandygy barada berk duýduryş bilen çykyş eder.

Jonson Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde geçýän sammitiň dowamynda dünýä döwletlerine ýüzlenip, ozal gelnen ylalaşyklardan has köp çäreleri geçirmeklerine we global ýylylygy selsiý boýunça 1,5 gradus derejesinde peseltmek baradaky maksatlar ugrunda tagalla etmeklerine çagyryş eder.

Jonson BMG-niň COP26 sammitiniň açylyş dabarasynda klimatyň üýtgemeginiň adamzada ýetirýän howpy barada duýduryp, herekete geçmek üçin wagtyň juda azalandygyny hem nygtap geçer. Bu barada britan premýer-ministriniň edarasynyň ýaýradan maglumatynda bellenilýär.

Sammitiň 31-nji oktýabrda açylan güni BMG-niň klimat edarasy boýunça başlygy Patrisiýa Espinoza dünýä liderleriniň klimatyň üýtgemegi boýunça häzir iki çäräni amal edip biljekdiklerini aýtdy. Ýagny, ýurtlar kömürturşy gazyň zyňyndylaryny çürt-kesik peseltmeli, şeýle-de beýleki jemgyýetlere we döwletlere global ýylanyşyň “adamzadyň planetanyň garaňky geljegi bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy baradaky ýagdaýy ykrar etmegine” hemaýat bermeli.

Hem Espinoza, hem Jonson ýagdaýyň çynlakaýdygyny aýratyn belläp geçdiler.

“Biz Glazgowda hökmany ýagdaýda öňegidişlik gazanaýmaly” diýip, Espinoza nygtady.

Jonson “Eger-de Glazgow başa barmasa, onda ähli zat başa barmaz” diýip, meseläniň çynlakaýdygyny duýdurdy.

Britan hökümetiniň klimatyň üýtgemegi boýunça gepleşiklere jogapkär ministri Alok Şarma klimat boýunça sammitiň “[howanyň ýylanmagyny] 1,5 gradus derejede saklamak boýunça soňky umyt” hökmünde häsiýetlendirdi.

Alymlar global ýylanyşyň derejesini 1,5 selsiý derejede saklamak başartsa, onda klimatyň üýtgemeginiň iň ýaramaz täsirleriniň öňüni alyp boljakdygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, 19-njy oktýabrda “Bloomberg” neşiri Türkmenistanyň çäginden atmosfera syzyp çykýan zyýanly metan gazy barada hasabat çap etdi. Maglumata görä, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gaz känlerinden syzyp çykýan zyňyndylar daşky gurşaw üçin uly problema döredýär.

Iň ýönekeý uglewodorod hem-de tebigy gazyň esasy düzümi bolup durýan metan kömürturşy gazyna (CO2) garanda hem has güýçli parnik/ýyladyşhana gazy hasaplanýar.

Nebit we gaz pudagynyň kömürturşy gazy we metan zyňyndylaryny goşmak bilen, parnik/ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga çalyşýan wagtynda, Türkmenistan, öňki Sowet respublikasy Merkezi Aziýada metan zyňyndylarynyň we metan syzmalarynyň möçberi we ýygjamlygy boýunça dünýäniň gaz öndürýän ýurtlaryň arasynda iň ýokary derejelerde durýar diýip, neşiriň habarynda bellenýär.

Türkmenistanyň hökümeti bu habarlara reaksiýa görkezmän, tersine tebigaty goramak üçin iňňän uly iş bitirýändigini aýdýar. Resmi media bu işleri ýurduň çäginde her ýyl oturdylýan bag nahallary bilen delillendirmäge synanyşýar.

XS
SM
MD
LG