Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat COVID-19-yň nobatdaky tolkunyna garaşýar. Lukmanlar medisina işgärleriniň ýetmezçilik etjekdigini duýdurýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Öz çäginde COVID-19-yň ýeke hadysasyny-da hasaba almadyk Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde lukmanlar koronawirusyň nobatdaky tolkunyna aladaly garaşýarlar. Şeýle-de, aşgabatly lukmanlar wirusyň täze tolkunynda ýurduň öňünde medisina işgärleriniň ýetmezçiliginiň keserip durjakdygyny duýdurýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji oktýabrda paýtagtdan habar berdi.

"Häzirki wagtda wirus bilen keselleýänleriň sany köp bolmasa-da, birneme azalýar. Ýöne muňa garamazdan, şäheriň ýokanç keselleri hassahanasy näsaglardan doly. Kimdir biri sagalýar, köp adam ölýär. Lukmanlar gyş paslynyň gelmegi bilen, wirus näsaglarynyň gaýtadan köpelmegine we onuň täze tolkunyna alada bilen garaşýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran bir lukman 25-nji oktýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti pandemiýanyň başyndan bäri koronawirusyň ne geçen ýylyň tomsunda bolan birinji, ne gyşdaky ikinji we ne-de bu ýylyň tomsunda bolan üçünji tolkunyny resmi taýdan ykrar etdi. Ýöne Azatlyk ýurtdaky wirus wakalary barada yzygiderli habar berip gelýär.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan aşgabatly lukmanlaryň birnäçesi wirusyň täze tolkunynda ýurduň saglyk pudagynyň medisina işgärleriniň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny hem duýdurýar.

"Wirusyň mundan ozalky tolkunlarynda medisina işgärleriniň aýlyklary we olaryň artykmaç işlän sagatlary üçin tölegler kadaly tölenmedi. Häzir olaryň köpüsi işden çykdy ýa-da çykmagyny dowam etdirýär" diýip, lukman aýtdy.

Türkmen hökümeti COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde “raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga” gatnaşýan medisina işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap goşmaça 15% hak tölemek wadasyny beripdi. Ýöne medisina işgärleri resmileriň wadasynda tapylmaýandygyny ýylyň dowamynda ençeme gezek habar berdiler.

Şeýle-de, olar hassahanalarda 14 günläp karantine girip işleýän saglyk işgärlerine döwlet tarapyndan hiç hili kömek berilmeýändigini, olaryň öz hasaplaryna naharlanmaly bolýandygyny hem aýdypdylar.

Galyberse-de, ýurduň dürli künjegindäki saglyk işgärleriniň aýlyklarynyň adatdakysyndan has az berilmegi bilen bagly hem habarçylarymyz birnäçe gezek habar berdiler.

Aşgabatly lukmanyň sözlerine görä, häzirki wagtda köp medisina işgäri, pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlary gaýtadan dikeldilse, başga ýurtlara göçüp gitmegi planlaşdyrýar. Muňa aýlyklaryň öz wagtynda doly berilmezligi, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, gytçylyk we gymmatçylyk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha kynlaşmagy sebäp bolýar.

Galyberse-de, aşgabatly lukman awgust we sentýabr aýlarynda wirus ýokuşanlaryň sanynyň has ýokary derejä ýetendigini aýdyp, munuň sebäplerini koronawirus ýokuşan medisina işgärlerine saglyk ýagdaýy sebäpli iş rugsadynyň berilmezligi bilen baglanyşdyrdy.

"Wirus ýokuşan medisina işgärlerine "gidiň işläň ýa-da işden çykyň" diýdiler. Olaryň köpüsi eklenç çeşmesini ýitirmekden gorkup, syrkaw halda işledi we şeýdip, aradan çykdy. Şol bir wagtyň özünde, olar başgalara-da wirus ýokuşdyrdylar" diýip, lukman belledi.

Azatlyk bu aýdylan ýagdaýlar barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, şeýle-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.

Bellesek, Türkmenistanda koronawirusyň gyş tolkunyna diňe Aşgabatda däl, eýse Lebap welaýatynda hem aladaly taýýarlanylýar.

“Lebapda COVID-19-yň gyşky tolkunyna taýýarlyk görmek maslahatlaşylýar, ýöne oňa nädip taýýarlanylmalydygy baradaky soragy çözüp bilýän ýok, serişde-de ýok” diýip, ýerli çeşme 22-nji oktýabrda Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmen hökümeti üýşmeleňleri gadagan edip, maska režimi, hereket çäklendirmeleri, petiklemeler ýaly dürli karantin düzgünlerini güýje girizse-de, ýurduň çäginde koronawirusyň bardygyny tutanýerlilik bilen inkär edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG