Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap COVID-19-yň gyş tolkunyna taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almadyk Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynda ýerli häkimiýetler koronawirusyň gyş tolkunyna aladaly taýýarlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji oktýabrda sebitden habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti koronawirusyň ne birinji tolkunyny, ne-de ikinji tolkunyny resmi taýdan ykrar etdi. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolýan saglyk işgärleri ýurtdaky wirus wakalary barada yzygiderli habar berip gelýär.

“Lebapda COVID-19-yň gyşky tolkunyna taýýarlyk görmek maslahatlaşylýar, ýöne oňa nädip taýýarlanylmalydygy baradaky soragy çözüp bilýän ýok, serişde-de ýok” diýip, ýerli çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistan iýun aýynyň başlarynda 18 ýaşdan ýokary raýatlar üçin koronawirusa garşy sanjym kabul etmegi hökmany diýip, yglan etdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi Türkmenistanyň Saglyk ministrliginde ilat arasynda goşmaça sanjym işlerini geçirmegiň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, goşmaça dozanyň kabul edilmegi raýatlaryň öz hasabyna maliýeleşdiriler.

Welaýat saglygy goraýyş edarasyndaky çeşmäniň gizlinlik şertlerinde beren maglumatlaryna görä, şu wagta çenli Türkmenabat şäherinde 18 ýaşdan ýokary raýatlaryň takmynan 45 %-i sanjym kabul edipdir, Farap etrabynda bu san 42 % töwereklerinde diýlip çak edilýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, sanjym kabul etmedik raýatlaryň aglabasy esasan sanjyma bolan ynamsyzlyk sebäpli waksinadan ýüz öwürýär.

Ýylyň başlarynda Türkmenistan sebitde ilkinji bolup, Russiýada öndürilen Sputnik V sanjymyny bellige aldy. Munuň yz ýany, ýanwaryň ahyrlarynda Russiýada öndürilen EpiVacCorona sanjymy makullanyldy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti 2021-nji ýylyň iýunynda Hytaýyň “Sinopharm” kompaniýasyndan COVID-19 ýokanjyna garşy 1 million 500 müň doza waksina satyn almagy kararlaşdyrdy.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň hasabatyna görä, 29-njy awgusta çenli Türkmenistanda ilat arasynda 7,5 million dozadan gowrak sanjym ulanylypdyr.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi 10-njy oktýabrda ilatyň 70 göterimden gowragynyň sanjym kabul edendigini habar berdi.

Saglyk pudagyndaky çeşmämiziň maglumatlaryna görä, waksina kabul etmedik raýatlar waksinany howply hasaplaýarlar.

Welaýat saglygy goraýyş edarasy gyş aýlarynyň golaýlaşmagy bilen, çeşmämiziň maglumatlaryna görä, nobatdaky COVID-19 tolkununyň dümew, sowuklama ýaly keseller bilen garyşyp, agyr boljagyny çaklaýar.

Çeşmämiz sebitiň saglyk edaralarynda ätiýaç kislorod we öýken üçin wentilýasiýa enjamlarynyň taýýar däldigini aýdýar.

“Eger wagtynda tehniki enjamlar we ätiýaç dermanlar üpjün edilmese, koronawirusyň [täze tolkunynda] iýul we sentýabr aýlaryndaky tolkunyndan has köp adam ýitgisiniň boljagy çak edilýär” diýip, saglyk pudagyndaky çeşme anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almadyk türkmen hökümeti maska režimi, hereket çäklendirmeleri, petiklemeler ýaly dürli karantin düzgünlerini güýje girizdi.

“Häzir ýagdaý sähel gowulaşdygy ilat arasynda toý çäreleri, adamlaryň birek-biregiňkä baryp oturyşmagy ýaly çäreler köpelip başlady” diýip, saglyk işgäri aýdýar.

Ol ýurt boýunça köpçülik çäreleriniň çäklendirilmelidigini maslahat berýär.

“Hatda döwlet çäreleri hem çäklendirilmeli” diýip, saglyk işgäri sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG