Balkanda koronawirus bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelmegi bilen, welaýatyň ýene bir hassahanasy diňe wirus näsaglaryny kabul edip başlady. Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada maglumat berýän habarçysy soňky bir hepdäniň dowamynda üç adamyň koronawirusdan ölendigini hem aýtdy. Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyny resmi taýdan ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri karantin çäklendirmelerini öz güýjünde saklap, welaýatyň köçelerine hlor ergini garylan suwy sepmek işlerini güýçli depginde dowam etdirýärler.
"Balkanabatdaky welaýat keselhanasy koronawirus näsaglaryndan dolup, hassalaryň akymyna döz gelip bilmeýändigi sebäpli Türkmenbaşy şäheriniň ýokanç keseller hassahanasy hem wirus syrkawlaryny kabul edip başlady" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli saglyk işgäri 30-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu hassahanada Türkmenbaşynyň töweregindäki etraplardan, obalardan, şol sanda Gyýanlydan we Guwlymaýakdan gelen koronawirus näsaglaryna bejergi berilýär.
"Gynansakda, bu sebitiň lukmanlarynyň wirus näsaglary babatynda tejribesi pesligi sebäpli, koronawirusa ýoluganlaryň ölüm derejesi 25%-den ýokary bolmagynda galýar" diýip, saglyk işgäri sözüniň üstüne goşdy.
Habarçymyz saglyk işgärlerine salgylanyp, soňky bir hepdäniň dowamynda üç adamyň koronawirusdan ölendigini aýdyp, olaryň ikisiniň Türkmenbaşynyň jemagat hojalygy edarasynyň işgäridigini we biriniň Alina atly pensioner aýaldygyny hem belledi.
"Deňiz portunyň 10-a golaý işçisi-de Türkmenbaşynyň koronawirus näsaglary üçin niýetlenen hassahanasynda bejergi alýar. Bu hassahanada emeli howa ýetiriji enjamyna birikdirilen wirus näsaglarynyň 30-a golaýynyň saglyk ýagdaýy agyr dereje bolup, olaryň öýkenine ýiti zeper ýetipdir" diýip, habarçymyz saglyk işgäriniň sözlerini sitirledi.
Türkmen häkimiýetleri global pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň-da hasaba alnandygyny boýun almaýarlar. Şeýlelikde, ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň resmi statistikasyny, ýurduň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, anyklamak başartmaýar.
Häzirki wagt Türkmenistan, habarçylarymyzyň we Azatlyk bilen söhbetdeş bolan saglyk işgärleriniň sözlerine görä, koronawirusyň üçünji - iň güýçli - tolkunyny başdan geçirýär. Olaryň birinjisi geçen ýylyň tomsunda, ikinjisi gyşynda bolan bolsa, soňky tolkun şu ýylyň iýulynda möwjäp başlady.
Türkmen häkimiýetleri soňky üç aýa golaý wagtyň dowamynda berk karantin çäklendirmelerini girizip, koronawirus howpunyň bardygyny gytaklaýyn bolsa-da tassyklaýarlar.
Häzirki wagtda ýurtda ençeme etrap, oba we hassahana karantine ýapyldy. Şeýle-de, bazarlar, dükanlar, ilata hyzmat ediş nokatlary we güýmenje desgalary ýapyk durýar. Sadakalary geçirmek gadagan edilip, jynaza çärelerine merhumyň diňe hossarlarynyň gatnaşmagyna rugsat berilýär.
Bu aralykda, ýurduň günbatar welaýatynaky habarçymyz köçelere hlor ergini garylan suwy sepmek işleriniň güýçli depginde dowam etdirilýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu işler ýangyn söndüriji gullygyň ýörite ulaglary bilen amala aşyrylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.