Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dürsoltan Taganowa Stambulyň deportasiýa merkezinden boşadyldy


Dürsoltan Taganowa
Dürsoltan Taganowa

Türkmen hökümetiniň aç-açan tankytçysy, aktiwist Dürsoltan Taganowa 29-njy sentýabrda Türkiýäniň Stambul şäherindäki deportasiýa merkezinden boşadyldy. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri habar berýär.

Düýbi Moskwada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasy 27-nji sentýabrda türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowanyň Stambulda türk häkimiýetleri tarapyndan saklanandygyny we onuň “Selim paşa” deportasiýa merkezine ugadylandygyny habar berdi.

26-njy sentýabrda irden sagat 5 töwereklerinde Taganowa öýünde ýok wagty, onuň kireýine ýaşaýan kwartirasyna iki polisiýa işgäri barypdyr. Gapyny açan adamlara polisiýa işgärleri Taganowanyň polisiýa bölümine barmalydygyny we käbir resminamalara gol çekmelidigini tabşyrypdyr.

Munuň yz ýany, aktiwist özüne Türkmenistana deportasiýa edilmek howpunyň abanýandygyny wideo ýazgy arkaly mälim etdi we türkmen režimine garşy hereket edýän beýleki aktiwistleri “gorkmazlyga” çagyrdy.

Ýatlasak, 2020-nji ýylyň 19-njy iýulynda türkmen aktiwistleriniň Stambulda geçiren protest aksiýasyndan soňra, Taganowa türk polisiýasy tarapyndan tussag edildi we üç aý möhlet bilen deportasiýa merkezinde saklandy. Munuň yz ýany, aktiwist Türkiýede bosgunlyga ýüz tutdy. Bu aralykda, ol Türkiýede kanuny esasda ýaşamak hukugyna eýe boldy.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşirine görä, Türkiýäniň Migrasiýa gullugynda bu ýagdaý boýunça maglumat ýok ekeni. 29-njy sentýabrda günüň ikinji ýarymynda Taganowanyň adwokaty zerur resminamalar bilen üpjün edensoň, aktiwist deportasiýa merkezinden boşadyldy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy "Memorial" merkeziniň Merkezi Aziýa programmasyny alyp barýan hukuk goraýjy Witaliý Ponamarýow 29-njy sentýabrda Facebook ulgamynda galdyran ýazgysynda, Stambulda saklanan Dürsoltan Taganowanyň, adam hukuklaryny goraýjylaryň basyşlaryndan soňra, 29-njy sentýabrda gijöýlän sagat 5 töwereklerinde boşadylandygyny aýtdy.

Ponamarýow türkmen aktiwistiniň boşadylmagyny "ajaýyp täzelik" häsiýetlendirdi.

Ýöne hukuk goraýjy Türkiýäniň Migrasiýa gullugynda Dürsoltan Taganowanyň Türkiýede galmagynyň "kanuny statusy" boýunça ýüze çykan "düşünişmezlige" şübheli çemeleşýär. Ol Taganowa Türkiýede kanuny ýaşamak statusyny beren edaranyň Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň özüdigini sözüne goşdy.

Ponamarýow Dürsoltan Taganowanyň saklanmagynyň türkiýeli ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň hem ünsüni çekendigini we munuň yz ýany, türk häkimiýetleriniň ýene-de 25 töweregi türkmen aktiwstini tussag etmek meýillerinden el çekendiklerini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG