Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň başlygy Witaliý Ponomarýew 26 ýaşyndaky türkmen raýaty Ahmet Jumadurdyýewiň Orsýetdäki kazyýet diňlenişiginiň 22-nji sentýabrda başlanandygyny habar berýär.
A.Jumadurdyýew şu ýylyň iýul aýynda serhetýaka derýasyny kesip, Orsýetden Estoniýa gaçmaga synanyşanda, eston serhetçileri tarapyndan saklanyp, gaçybatalga soramak baradaky proseduralara şert döretmezden, bikanun ýagdaýda rus häkimiýetlerine tabşyryldy diýip, düýbi Moskwada ýerleşýän gurama ýazýar.
A.Jumadurdyýewiň Türkmenistanda dini sebäpler esasynda gözlenilýän adamlaryň sanawyna girizilendigi, onuň dogany Arslanyň galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda, dini ekstremizmde günäli tapylyp, 25 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi habar berilýär.
Leningrad oblastynyň Kingisep şäher sudunda sud edilýän türkmen raýaty Russiýanyň jenaýat kodeksiniň 322-nji maddasynyň 1-nji bölegi esasynda aýyplanýar, kazyýetiň saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, onuň indiki diňlenişigi 1-nji oktýabrda geçiriler.
Türkmen diasporasynyň wekilleri gaçybatalga gözleýän adamyň Türkmenistana zor bilen iberilmek ähtimallygyndan alada bildirýärler.
A.Jumadurdyýew 2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň ekstradisiýa edilmegi baradaky haýyşy esasynda bir ýyl deslapky tussaghanada saklandy, ýöne soňra prokuraturanyň karary bilen boşadyldy.
Şeýle-de bolsa, onuň Russiýadaky kanuny statusy häzire-bu güne çenli kadalaşdyrylman gelýär.
Türkmenistanda dini sebäpler esasynda, ýapyk kazyýet işlerinde uzak möhletli azatlykdan mahrum edilen raýatlaryň köpüsiniň, günälerini boýun almaklary we başgalara garşy görkezme bermekleri üçin, deslapky tussaghanalarda agyr gynalandygy, käbiriniň soň tussaglykda ölendigi habar berilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.