Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan köp adamly ýerlere barýan raýatlaryna 'jeza' berýär


Mollanepes köçesi, Mary
Mollanepes köçesi, Mary

Türkmenistanyň ilaty koronawirus bilen baglanyşykly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam etdirýär. Mundan başga-da, halk koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini ýerine ýetirmek üçin häkimiýetleriň görlüp-eşidilmedik talaplaryny ýerine ýetirmäge borçly bolýar. Bularyň hemmesi, ýurtda uzaga çeken ykdysady krizisiň çäginde ilatyň gündelik kynçylyklaryny hasam agyrlaşdyrýar.

Türkmenistanyň hökümetiniň koronawirusyň bardygyny inkär edýändigine garamazdan, COVID-19 ýurtda ölümiň esasy sebäpleriniň biri bolmagynda galýar. Meşhur adamlar hem koronawirusyň pidasy bolýar. 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Wladimir Konstantinowiç Bagdasaryan aradan çykdy.

Maryda ilatyň maskalary dakynmagyna gözegçilik etmek ýerli häkimiýetler üçin ileri tutulýan mesele bolmagynda galýar. Giňden ýaýran reýdler dowam edýär. Polisiýa henizem "maskasyzlary" ýadawsyz tutýar, köplenç polisiýa "düzgün bozýanlar" hökmünde maskany nädogry dakynan adamlary saklaýar.

Soňky günlerde öz jaýyndan maskasyz çykan we öýleriniň gapysynda duran adamlar köp tussag edilýär, şeýle ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Bu barada Azatlygyň habarçylary maglumat berýärler. Olaryň sözlerine görä, polisiýa Mary welaýatynyň Garagum etrabynda yhlasly işleýär.

Maryda polisiýanyň reýdleri birnäçe gün mundan ozal güýçlendi. Polisiýanyň işgärleri ähli şäherçelerde, şol sanda Mary welaýatynyň obalarynda awtobusly aýlanyp, maskasyz adamlary gözleýär. Bellemeli ýeri, bu çärelere gatnaşýan polisiýa işgärleri ýaşaýan ýerlerinden başga etraplarda işleýärler. Çeşmelere görä, bu polisiýa wekilleriniň öz tanyşlaryna we garyndaşlaryna eglişik etmezligi üçin edilýär.

Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagy sebäpli ähli dükanlar we hyzmat kärhanalary ýapyklygyna galýar. Hassahanalar we dermanhanalar iň köp adamly ýerler bolýar.

Bu wagt, Baýramaly etrabynda döwlet işgärleri köp adamly ýerlerden we üýşmeleňlerden gaça durjakdygyny wada berip, dilhatyny ýazmaly boldular. Şeýle dilhatlary Mary welaýatynyň beýleki etraplaryndaky edaralarda we kärhanalarda hem talap edilip başlandy.

Azatlygyň habarçylary döwlet kärhanalarynyň işgärleriniň toýlara, dabaralara ýa-da ýas çärelerine gatnaşandygy üçin işinden boşadylýandygy barada birnäçe ýagdaýdan habarly boldy. Olaryň sözlerine görä, obalarda ilata gözegçilik ýerli häkimiýetler, hususan-da arçynlar we polisiýa işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar. Käbir halatlarda toýlara baranlar kamera düşürýär. Gatnaşanlaryň şahsyýeti anyklanandan soň, şol adamlaryň iş ýeride habar berilýär. Netijede, käbirler işini ýitirýär.

Şeýle ýagdaýa şaýat bolanlaryň biri Baýramaly etrabynda bolup geçen soňky wakalaryň biri barada Azatlygyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi: “Toý wagtynda myhmanlaryň hemmesi polisiýa tarapyndan tussag edildi. Olaryň hemmesi awtobusa mündürilip, etrap polisiýa merkezine äkidildi. Işleýänleriň iş ýerlerine habar berildi, işlemeýänlere 201 manat möçberde jerime salyndy, töläp bilmedikler pagta ýygmaga iberildi".

Wakanyň jikme-jikliklerini öwrenen habarçylaryň sözlerine görä, toý ýeriň eýeleri 3000 manat jerime tölemeli edildi. Bu maşgalanyň agzalarynyň iş ýerine habar berildi. Şuňa meňzeş ýagdaýlarda jerime tölemek üçin maddy mümkinçilikleri bolmadyk adamlar 15 günlük tussaga sezewar edilýär. Üstesine, toý guraýjylar geljekde karantin gutarýança, köp adamly çäreleri geçirmezlik borjy barada dilhatyny ýazmaly bolýar.

Habarçylar baýramçylyk üçin çadyrlary kireýe berýän telekeçileriň hem ýitgi çekýändiklerini habar berdiler. Olar konfiskasiýa edilen emlägini yzyna gaýtarmak üçin polisiýa ýüz tutmaly bolýar we 5000 manada çenli jerime töleýär.

Soňky günlerde ýasa gatnaşýanlar üçin käbir eglişikler edilýär. Pata ýerine merhumyň ýakyn garyndaşlarynyň we az sanly goňşularynyň gatnaşmagyna rugsat berilýär.

Maryda ulag aragatnaşygy ýatyryldy, awtobuslar we mikroawtobuslar şäherlerde hem şäherçeleriň arasynda gatnamaýar.

Ýurduň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagyny resmi taýdan ykrar etmeýärler, ýöne çäklendiriji çäreleri güýçlendirip, koronawirusyň bardygyny gytaklaýyn tassyklaýarlar.

Azatlyk bilen adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen Türkmenistanyň saglyk resmileri we işgärleri, göwrümi we netijeleri boýunça görlüp-eşidilmedik derejede güýçli koronawirus tolkunynyň dowam edýändigini, syrkawlaryň we ölýän adamlaryň köpdügini habar berýärler.

Mundan başga-da, ýurtdaky ykdysady krizisiň çäginde barha güýçlenýän maliýe kynçylyklary adamlary maşgalalaryna zerur azyk, derman we lukmançylyk kömegini bermek mümkinçiliginden mahrum edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG