Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) öňümizdäki aý geçiriljek sammitinde Türkmenistanyň geňeşe doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar. Bu barada Türkiýäniň hökümet başyndaky “Adalat we ösüş partiýasynyň” (AKP) başlygynyň orunbasary Binaly Ýyldyryma salgylanyp, Azerbaýjanyň Report.az neşiri habar berýär.
Türki geňeşiň VIII sammiti 12-nji noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler.
Azerbaýjan neşiriniň habaryna görä, gurama başlyklyk gezegi öňümizdäki sammitde Türkiýä geçiriler.
Şeýle-de, Stambul sammitinde geňeşiň adynyň üýtgedilmegine garaşylýar. Binaly Ýyldyrymyň sözlerine görä, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) “Türki dilli döwletleriň guramasy” adyna eýe bolar.
Ýatlasak, geňeşe agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň mart aýynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen resmi däl sammitinde Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan geňeşiň statusynyň üýtgedilmegini teklip edipdi.
Mundan ozal, iýunyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Türki geňeşe ýörite status bilen goşulmak mümkinçiliklerine garalýandygyny habar berdi.
Geňeşiň baş sekretary Bagdat Amreýew 28-29-njy iýunda Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem-de wise-premýer we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.
Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe Türki Geňeşiň doly hukukly agzasydyr, Wengriýa geňeşiň synçy agzasydyr. Gurama 2009-njy ýylda esaslandyryldy we agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary bu guramanyň türk dilli döwletleriň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy nazarlaýandygyny nygtaýarlar.
Synçylara görä, Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk statusyna salgylanyp, Türki geňeşe agzalykdan gaça durýardy.
Geňeşiň 31-nji martda geçirilen sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň hemişelik bitaraplyk statusyny ýene bir gezek nygtady we öz ýurdunyň geňeşe agza ýurtlar bilen halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.
Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer 15-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň Türki Geňeşe goşulmagyna syn berdi.
“Meniň pikirimçe, pandemiýa we dünýä ykdysadyýetindäki problemalar türkmen resmilerini ýagdaýlara öňküsinden başgaça çemeleşmäge iterdi. Biz bu ýurduň öz-özüni üzňeleşdiriji döwletdigini, Türkmenistanda ykdysady problemalaryň tas alty ýyl bäri dowam edýändigini bilýäris. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, bu şeýle bir ýagdaýa gelip ýeten bolmaly, ýagny hökümetiň tas ähli agzasy üzňeligiň özleri üçin peýda getirmeýändigini boýun alan bolmaly” diýip, Panniýer aýtdy.
Galyberse-de, ekspertiň sözlerine görä, Türki Geňeş türkmen hökümetiniň harby bileleşiklerden gaça durmak ýörelgelerine-de gabat gelýär; medeni gurama Türkmenistanyň ykdysady we söwda babatda geňeşe agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegine mümkinçilik döreder.
Şeýle-de, Brýus Panniýeriň ynanjyna görä, Türkmenistanyň Türki Geňeşe agza bolan Azerbaýjan we Türkiýe bilen gatnaşyklary ösdürmegi onuň ýangyç eksport ugurlaryny Azerbaýjan we Türkiýäniň üsti bilen diwersifikasiýalaşdyrmagyna ýardam berer.
Eýsem, Türkmenistanyň Türki Geňeşe goşulmagy onuň ýakyn geljekde başga halkara guramalara goşulmaga isleg bildirmek ähtimallygyna-da yşarat edip bilermi?
“Meniň pikirimçe bu dogry bolsa gerek. Türkmenistanyň Türki geňeşe goşulmaga isleg bildirmegi olaryň öz üzňelik syýasatyny, bitaraplyk syýasatyny gaýtadan gözden geçirýändiklerini aňladýar. Meniň pikirimçe, olar ýekeligiň mümkin däldigine, munuň diňe problemalara ýol açýandygyna göz ýetirdiler” diýip, Panniýer aýtdy.
Ekspert halkara ykdysady, söwda we medeni guramalara goşulmagyň Türkmenistan üçin bähbitlidigini gürrüň berdi.
Ýöne, Merkezi Aziýa boýunça analitik şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýaly öňki Sowet Soýuzyny ýada salýan rus agalygyndaky guramalara, ýa-da harby, howpsuzlyk we goranyş maksatly halkara guramalara goşulmak ähtimallygyny özüniň göz öňüne getirip bilmeýändigini aýtdy.
Şeýle-de, Panniýer Türkiýäniň soňky ýyllarda diňe bir sebitde däl, tutuş dünýä sahnasynda has-da işjeňleşendigini gürrüň berdi.
Ol Türkiýäniň we Türkmenistanyň, galyberse-de geňeşe agza beýleki ýurtlaryň taryhy kökleriniň birek-birege gabat gelýändigini, Merkezi Aziýa ýurtlary Sowet Soýuzyndan garaşsyzlyk alandan soň, 90-njy ýyllarda türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça synanyşyklaryň bolandygyny, ýöne ol döwürlerde bu synanyşyklaryň onçakly başa barmandygyny, Türkiýäniň liderlik rolunyň pes bolandygyny, ýöne soňky birnäçe ýyl bäri Türkiýäniň dünýä sahnasynda has-da güýçlenip, işjeňleşendigini gürrüň berdi.
“Sebäbi Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda, Hytaý, Russiýa ýa-da Günbatar ýurtlary bilen deňeşdirilende has köp umumylyk bar” diýip, Panniýer aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.