Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ähli konsullyk hyzmatlary üçin deslapky hasaba almagyny çäklendirdi we distansion iş tertibine geçdi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda 25-nji awgustda çap edilen habarda aýdylýar. Bu aralykda türkmen raýatlarynyň kynçylyklara garamazdan, ýurtdan çykmaga synanyşýan wagty daşary ýurtlarda bikanun immigrantlaryň sany köpelýär.
Rus ilçihanasynyň habarynda şahsy kabul edişligiň wagtlaýyn togtadylmagy we raýatlaryň resminamalary bilen işlemegiň distansion tertibe geçirilmeginiň sebäpleri "möwsümleýin dem alyş keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak" bilen düşündirilýär. Koronawirus keseli Russiýanyň ilçihanasynyň habarynda agzalmaýar.
Türkmen häkimiýetleriniň COVID-19 ýurtda "ýok" diýip resmi derejede aýtmagyna görä, koronawirusyň çalt ýaýramagy paýtagtda we sebitlerde hassahanalaryň näsaglardan dolmagyna, käbir keselhanalaryň hassalary kabul etmegini togtatmagyna getirdi. Saglygy saklaýyş işgärleriniň bellemegine görä, koronawirus näsaglarda testler arkaly anyklanýar, şol sanda "Delta" görnüşi gitdigiçe has köp tapylýar.
Azatlyk Radiosy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan raýatlaryň kabul edilmeginiň togtadylmagy barada düşündiriş alyp bilmedi. Ilçihananyň web sahypasyndaky maglumata görä, ähli konsullyk hyzmatlary üçin deslapky hasaba alynmak çäklendirmeleri wagtlaýyn girizilýär, öňki režimdäki işiň başlanmagy barada maglumatlar resmi sahypada soň çap ediler.
Ilçihananyň habaryna görä, eýýäm hasaba alnan raýatlaryň hemmesine ilçihananyň işgärleri tarapyndan aýratyn habar berler we olar amatly wagtda kabul ediler.
Koronawirusyň ýaýramagy daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmen raýatlarynyň başdan geçirýän kynçylyklaryny hasam güýçlendirdi.
Soňky ýyllarda ýurtdan çykmak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sany çalt artýar. Türkmenistany terk etmegiň ýollaryndan biri Russiýa göçüp gitmek statusyny almakdyr.
Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda ähli halkara uçuşlary ýatyryp, serhetleri ýapandan soň, raýatlaryň akymy haýallapdy. Emma koronawirus çäklendirmeleri ýeňilleşdirilip başlansoň, Russiýanyň Aşgabatdaky konsullygynyň öňünde ýene-de nobatlar artdy.
Iýul aýynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen raýatlarynyň sanawlaryny düzmegi we Russiýa göçmek isleýänler üçin ýörite uçuşlaryny guramagy togtatdy.
Awgustyň birinji ýarymynda Aşgabatdaky habarçylarymyz Russiýa Federasiýasynda migrant statusy bolan türkmen raýatlarynyň Türkmenistany terk etmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, hususan-da, Türkmenistanda galan çagalaryny alyp bilmeýändiklerini habar berdiler.
Türkmen raýatlarynyň kynçylyklara garamazdan, ýurtdan çykmaga synanyşýan wagty daşary ýurtlarda bikanun galýan türkmen immigrantlaryň sany köpelýär.
"Türkmen Helsinki fondunyň" (THF) hasabatyna görä, bikanun immigrantlaryň sanynyň köpelmegi bilen birlikde dünýäde öýsüz-öwzarsyz galýan türkmenistanlylaryň sany artýar.
Ynsan hukuklaryny goraýjy guramanyň belleýşi ýaly, daşary ýurtly türkmen raýatlary pasportlaryny täzelemäge we daşary ýurtlarda galmak hukugyny resmileşdirmäge kanuny mümkinçilikleri bolmazdan, ýerli kanunlary bozmaga mejbur bolýarlar.
THF-iň habaryna görä, ýokary okuw mekdeplerini gutaran müňlerçe türkmen talyplary ýokary bilim hakynda diplom alansoň, watanyna gaýdyp bilmeýändikleri sebäpli ýurduň daşynda bikanun ýagdaýda galýarlar.
"Ýüzlerçe müň ýaşlar Türkmenistana gaýdyp bilmeýärler. Bu diňe bir pandemiýanyň günäsi däl, eýsem türkmen diplomatlary, hatda karantinden ozal pasportlary täzelemegi/uzaltmagy bes edip, türkmenleri bikanun immigrantlara öwürdi "-diýlip, THF-nyň 26-njy awgustda çap eden habarynda aýdylýar.
Güýçli ykdysady krizis sebäpli yzygiderli ýaramazlaşýan durmuş derejesi köpleri iş tapmak üçin ýurtdan çykmaga mejbur edýär. Azatlygyň çeşmelerine görä, ýurt demografiki krizisiň bosagasynda durýar. Ýurduň häkimiýetleri köpçülige mälim etmedik hem bolsa, ilatyň sanynyň 2,7-2,8 milliona çenli azalandygyny anyklapdyr. Diňe 2019-njy ýylyň ýanwar aýyna çenli 10 ýylyň içinde tas 2 million raýat Türkmenistandan çykyp gidipdir.
Bu aralykda, ilatyň gitmegi meselesini aç-açan ykrar etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky ýyllarda raýatlaryň ýurtdan çykmagynyň öňüni almak üçin dürli çäreleri gördi, şol sanda pasport bermekden ýüz öwürdi, býujet işgärleriniň daşary ýurt pasportlaryny elinden aldy we goşa raýatlykly adamlara daşary ýurt döwletiniň pasportlaryndan ýüz öwürmegi üçin basyş görkezdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.