Türkmen hökümeti dowam edýän ykdysady we sosial kynçylyklardan nähili çykalga gözleýär?
Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyl bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Synçylar bu kynçylyklaryň hususan-da 2016-njy ýyldan soň has-da ýitileşip, ykdysady krizise öwrülendigini aýdýarlar. Kadasyz azyk üpjünçiligi we giň ýaýran işsizlik ýaly problemalar barada ýurduň dürli künjeklerinden habarlar gelip gowuşýar. Koronawirus pandemiýasy onsuzam bar bolan ykdysady problemalary has-da ýaramazlaşdyrdy.