Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet baştutanlary maslahat etdi, sanjym almadyk pensionerler jerime tölemeli


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täjik kärdeşi Emomaly Rahmony Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglap, oňa gyrmyzy don geýdirdi. Döwlet TW-sinden alnan surat
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täjik kärdeşi Emomaly Rahmony Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglap, oňa gyrmyzy don geýdirdi. Döwlet TW-sinden alnan surat

Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlary “Awazada” sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýlek-de pugtalandyrmagyň maslahatyny edýän wagtynda Türkmenistanyň sebitlerinde we paýtagtynda COVID-19-a garşy hökmany sanjym almak, waksina etdirmek talaplary güýçlendi. Ozalam kyn ykdysady şertlerde ýaşaýan adamlar, saglyk işgärleri sanjymdam ýüz öwrenleriň sanawyny polisiýa edaralaryna bereninden soň, pul jerimeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda sebitiň ýurtlarynyň eýýäm bir ýarym ýyl bäri pandemiýanyň ýaýramagyna garşy bilelikde, işjeň hereket edýändigini belläp, ýokanç keselleri bejermegiň, olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.

Onuň pikiriçe, "epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek maksadalaýyk bolar".

Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň Türkmenistandaky duşuşygy ykdysasdy çökgünlik döwründe gündelik çöregini zordan tapýan ýerli ilatyň ozalam agyr ýagdaýyny has çylşyrymlaşdyran çäreler bilen utgaşdy.

Azatlygyň habarçylary Türkmenbaşynyň polisiýasynyň şäheri we “Awaza” syýahatçylyk zolagyny ýerli syýahatçylardan arassalap, ýurduň beýleki sebitlerinden gelip, Türkmenbaşyda işleýän ýerli zähmet migrantlaryny wagtlaýyn Balkanabat şäherine ugradýandygyny 3-nji awgustda habar berdi.

Şol bir wagtda ýerli häkimiýetler ýokanç kesele garşy göreşmegiň pensionerlere jerime salmak usulyny has netijeli hasaplaýana meňzeýär.

Lebapdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, koronawirus ýokuşmalaryna garşy wagtynda sanjym almadyk pensionerleriň pensiýa pullary berilmeýär. Aşgabatdaky habarçymyz bolsa düýn, 6-njy awgustda paýtagtyň 9-njy poliklinikasynda soňky on günde “waksinanyň ýokdugy” sebäpli sanjym etmekden boýun gaçyrýandyklaryny, ýaşaýjylary bolsa “hany, ynsanperwerlik nirede?” diýip soraýandyklaryny habar berýär.

Bu habarlar Germaniýanyň daşary işler ministrliginiň german raýatlaryna Türkmenistana syýahat etmezlik barada duýduryş beren wagtyna gabat geldi.

Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, sebitiň 75 ýaşdan geçen raýatlaryna we beýlekilere, ýokardan aşaklygyna, nobat boýunça, Lebapdaky saglyk öýlerine sanjym edilýär. Bu çäre meýletin ýa-da adamlaryň öz ýagdaýlaryna baglylykda däl, biruçdan, mejbury ýagdaýda amala aşyrylýar.

Öz nobatlary ýetende sanjym almakdan boýun gaçyran pensionerlere pensiýa pullary berilmeýär, býujet edaralarynyň işgärleri bolsa, Lebap häkimliginiň täzelikde güýje giren görkezmesi esasynda, sanjym almasa, işinden boşadylmaly diýip, habarçy aýtdy.

Ýaşuly adamlaryň arasynda dürli sebäpler esasynda wagtynda sanjym alyp bilmedik ýa-da bu işi gijikdiren pensionerler şol bir säwlik ýa geleňsizlik üçin ilki bir jerime tölemeli, soň bolsa sanjymyň bahasyny doly möçberinde (300 manat) berip, ikinji jerime tölemeli edilýär.

Faraply Joranazar aga sanjym nobaty ýetende, waksinanyň ýetirmegi mümkin ýaramaz täsirinden gorkup, sanjymdan ýüz öwrüpdir. Indi maşgala lukmanlary sanjymdan ýüz öwren ýa ony wagtynda almadyk raýatlaryň sanawlaryny polisiýa edaralaryna geçirmeli edildi. Netijede, Joranazar aga ýaly atlary polisiýa geçirilen adamlar ilki sanjymy wagtynda almandygy üçin 113 manat jerime töleýär, soňra bolsa, doly bahasyny – 300 manat pul töläp, waksina almaly bolýar diýip, habarçy aýtdy.

Pensionerleriň arasynda sanjymyň özlerine nähili täsir etjegini bilmän, gorky-howatyr bilen waksina almakdan saklanan adamlar az däl, ýöne olar sanjym almadyk adamlara jerime salynjakdygyny, özleriniň iki çykdaja galmak ähtimallygyny ne saglyk işgärleriniň, ne-de beýleki resmileriň duýdurandygyny aýdýarlar.

Ýerli synçylaryň käbiri hökümetiň alynmadyk we alynmaly sanjym üçin salýan jerimelerini ozalam garyp düşen ilatyň hasabyna “goşmaça pul ýygnamak” üçin ýüz urlan “ahlaksyz talaňçylyk” hökmünde häsiýetlendirýär.

Türkmen metbugaty adatça ilatyň ýokanç kesellerden goranmak bilen bagly habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan ähli maglumatyň wagtynda berilýändigini belleýär. Emma türkmen hökümetiniň turuwbaşdan koronawirus sözüni ulanmakdan saklanyp, onuň garşysyna ýüzärlik we beýleki halk tebibçilik usullary arkaly göreşmegi wagyz edendigini ýatlasak, bu o diýen dogry däl.

Germaniýa Türkmenistany COVID-19 ýokuşmalary bilen bagly ýokary töwekgelçilikli ýurtlaryň sanawyna goşan bilinýän ilkinji ýurt boldy.

Türkmenistanda “habar berilmedik hadysalaryň sanynyň köpdügini çaklap bolar, ýurduň saglyk ulgamynyň üstüne düşýän ýük onuň mümkinçiliginden has agyr” diýip, Germaniýanyň häkimiýetleri Türkmenistany 8-nji awgustdan başlap, koronawirus ýokuşmak ähtimallygynyň ýokary töwekgelçilikli sebitleriniň sanawyna goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG