Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan söz azatlygy hasabynda dünýäniň soňky üçlügine girdi


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistan, Siriýa we Eritreýa bilen birlikde söz azatlygy boýunça dünýäde iň soňky orny eýeledi. Bu maglumat Britaniýanyň "19-njy madda" guramasynyň hasabatynda çap edildi.

Jemi 162 ýurdy öz içine alýan sanawda söz azatlygyny bozanlaryň arasynda Demirgazyk Koreýa öňde barýar.

Reýting söz azatlygynyň, maglumat we bilim elýeterliligiň, şeýle-de ony paýlaşmak hukugynyň, şol sanda internetden peýdalanmagyň mümkinçilikleri hasaba alnyp, 25 sany şert esasynda düzüldi.

Söz azatlygynyň derejesine görä ýurtlar "açyk" we "krizisde" diýen bäş kategoriýa bölünýär. Türkmenistan krizisdäki ýurtlaryň arasyna girip, Siriýa we Eritreýa bilen deň derejede 1 bal aldy. Türkmenistanyňkydan has erbet görkezijili Demirgazyk Koreýa mümkin bolan 100 baldan 0 bal aldy.

Iň açyk ýurtlaryň hatarynda Daniýa we Şweýsariýa - 95 bal, Norwegiýa, Şwesiýa we Finlýandiýa 94 bal gazandy.

XS
SM
MD
LG