Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň daşary işler ministri Türkmenistana sapar edip, koronawirusy, “umumy wehimleri” we beýlekileri maslahat etdi


Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet baýdaklary.
Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet baýdaklary.

12-13-nji iýulda Hytaýyň daşary işler ministri Wan I iki günlük resmi sapar bilen Aşgabatda bolup, ýokary derejeli türkmen resmileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Sişenbe güni myhman prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Resmi metbugata görä, duşuşygyň barşynda taraplar “syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda döwletara gatnaşyklary ösdürmek” barada ylalaşdy.

Berdimuhamedow Hytaýyň prezidenti Si Szinpini Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy bilen, öz gezeginde myhman Berdimuhamedowy Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlapdyr.

Şeýle-de, Wan I sişenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, “söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlarda” gatnaşyklary ösdürmegi maslahat edipdir.

12-nji iýulda Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň başlygy I, Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Resmi maglumata görä, ministrler, beýleki meseleler bilen bir hatarda, “häzirki döwrüň umumy wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meselelerini” ara alyp maslahatlaşypdyr. Habarda “umumy wehimler we howplar” aýdyňlaşdyrylmaýar.

Galyberse-de, Türkmenistanyň döwlet metbugatynda taraplaryň owgan meselesini maslahat edip-etmändigi aýdylmaýar.

Wan Iniň 12-16-njy iýul aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän sapary Owganystanyň hususan-da demirgazyk sebitlerinde howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýan wagtyna gabat gelýär.

turkmen.news neşiri Hytaýyň “Sinhua” habar agentligine salgylanyp, taraplaryň koronawirusa we ynsan hukuklaryna goraýjylara garşy göreşi maslahat edendiklerini habar berýär.

Hytaý ýurduň Sinjiang sebitinde bir million töweregi uýgury we beýleki musulman azlyklarynyň wekillerini gabaw astynda saklamakda, ynsan hukuklaryny gözgyny kemsitmekde Günbatar jemgyýetçiligi tarapyndan berk tankyt edilýär.

Şeýle-de, ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini ýurtda raýat azatlyklaryny we syýasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edýärler.

“Sinhua” agentliginiň habaryna görä, Hytaý Owganystan meselesinde Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga isleg bildirýär. Wan I Merkezi Aziýada howpsuzlyk şertleriniň häzirki ýagdaýynyň oňyn däldigini nygtapdyr we Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetine üns çekipdir.

Hytaý tarapy özleriniň Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny goldaýandyklaryny, onuň içerki işlerine daşardan gatyşylmagyny oňlamaýandyklaryny aýdýar.

Hytaý Türkmenistanyň iň esasy energiýa müşderisidir.

XS
SM
MD
LG