Türkmenistan serhetdäki howsalaly ýagdaýyň fonunda "Talybanyň" wekillerini Aşgabada çagyrdy
Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň barha köp sebitleri, şol sanda ýurduň demirgazygyndaky Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän etraplaryny öz gözegçiligine geçirmeginiň arasynda, “Talybanyň” wekiliýeti Türkmenistana sapar edip, ýurduň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirdi. Resmi Aşgabat - türkmen tarapynyň çakylygy esasynda amala aşan - sapar barada hiç zat habar bermedi. Ýöne Aşgabatdaky gepleşikler baradaky maglumatlary "Talybanyň" Katardaky resmi wekili Muhammet Naim tassyklady. Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine goşmaça güýçleri çekýändigini we tutuş ýurt boýunça ätiýaçdaky harbylaryň harby bölümlerine çagyrylýandygy barada habar berdiler.