Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawrus ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen, Berdimuhamedow adatdan daşary toparyň mejlisini geçirdi


Aşgabatda karantin çäreleriniň berjaý edilişine gözegçilik güýçlendirildi.
Aşgabatda karantin çäreleriniň berjaý edilişine gözegçilik güýçlendirildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji iýunda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirip, ýene bir gezek 'ähli çäreleriň görülýändigini' nygtady. Aşgabatda karantin çäreleriniň berjaý edilişine gözegçilik güýçlendirildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, mejlisde “ýurduň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy durmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi”.

Türkmenistanyň saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesow mejlisde eden çykyşynda dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýynyň durnuksyzdygyny belläp, COVID-19-yň ýurduň çägine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Mejlise gatnaşyjylar, şol sanda prezident Berdimuhamedow ýene bir gezek Türkmenistanda ähli çäreleriň görülendigini gaýtalady, ýöne bu gezek ýurt çäginde COVID-19-nyň düýpden ýokdugy tassyklanmady. Türkmen hökümeti şindem ýurtda koronawirus hadysasynyň bellige alynmandygyny tassyklaýar.

Berdimuhamedow “ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin öz wagtynda ägirt uly işleriň edilendigi” baradaky sözlerini gaýtalady.

Azatlyk radiosy öz çeşmelerine salgylanyp, COVID-19-yň ilkinji hadysalary barada 2020-nji ýylyň başynda habar berdi. Ýöne şondan bäri geçen wagtda Azatlygyň we beýleki garaşsyz türkmen habar beriş serişdeleriniň habarçylary koronawirus ýokuşan adamlaryň-da, ondan ýogalan adamlaryň hem sanynyň köpdügini habar berdiler.

Şu aralykda, Azatlygyň habarçylarynyň soňky beren maglumatlaryna görä, Türkmenistanda koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaý galagoply bolmagynda galýar. Belki-de, bu adatdan daşary toparyň mejlisiniň geçirilmeginiň baş sebäbi hem bolup biler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 19-njy iýunda türkmen paýtagtynda karantin çäreleriniň güýçlendirilýändigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, şenbe güni maskalaryň geýilmegine edilýän gözegçilik hem birden gaty güýçlendirildi.

Paýtagtdaky dükanlaryň köpüsi keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görülmeli çäreleri bozandygy, şol sanda dezinfeksiýa serişdeleriniň ýokdugy üçin ýapyldy we jerime tölemäge mejbur edildi.

Azatlygyň Marydaky we Lebapdaky habarçylary COVID-19 alamatlary bilen hassahanalara düşýänleriň sanynyň köpelendigini habar berdiler. Maryly habarçymyzyň habar bermegine görä, sebit merkezindäki ýokanç keselliler hassahanasynda gyzgyny ýokary galan näsaglaryň sany birden köpeldi, şeýle-de bu ýerde örän köp çaga bar.

Koronawirusyň geçen ýylyň aýagynda ilkinji gezek Hindistanda ýüze çykarylan Delta görnüşiniň häzir köp ýurtda çalt ýaýraýandygy mälimdir. Hünärmenler, öňki ştamlardan, kesel görnüşlerinden tapawutlylykda, COVID-19-yň bu görnüşi bilen baglylykda hassahana ýerleşdirilýänleriň arasynda çagalaryň hem köpelendigini tassyklaýarlar.

"Türkmenistan boýunça ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Mary welaýatynda keselhana ýerleşdirilenleriň sanynyň köpelmeginiň sebäpleri barada haýsydyr bir anyk netije çykarmak kyn" diýip, biziň habarçymyzyň çeşmesi aýtdy we häzirki pursatda hassahana ýerleşdirilen näsaglaryň hiç birinde koronawirus barlagynyň geçirilmeýändigini hem sözüne goşdy. Ol munuň hakyky ýagdaýy gizlemek synanyşygy bilen baglanyşykly bolup biljekdigini hem aradan aýyrmaýar.

Adatdan daşary toparyň 18-nji iýunda geçirilen mejlisinde Türkmenistandaky saglyk edaralarynyň ählisiniň "ýokanç keselleri kesgitlemek üçin zerur bolan enjamlar bilen doly üpjün edilendigi" aýdyldy.

Ýöne Azatlygyň çeşmesi synaglaryň esasan Aşgabatda, türkmen raýatlarynyň we daşary ýurtlularyň Türkmenistana esasy gelip gonýan nokady bolan Türkmenabatda, şeýle hem “Awaza” kurortynyň ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde geçirilýändigini belleýär. Mundan başga ýagdaýda, ýurduň raýatlary dynç almak üçin “Awaza” gidýän bolsalar, onda COVID-19 synagyndan geçirilip bilner.

Şu aralykda, karantin zolaklaryna girýän adamlaryň köpelmegi bilen, Türkmenabatdaky saglygy goraýyş ulgamy öz öňünde duran wezipeleriň hötdesinden gelip bilmeýär.

Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, bu soňky döwürde ýurduň raýatlaryny Türkmenistana gaýtaryp getirýän uçuşlaryň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşykly, ol adamlar çäklendirmeler sebäpli köp aý bäri yzlaryna dolanyp bilmeýärdi.

Soňky hepdelerde karantin astynda saklanylýan türkmen raýatlarynyň arasynda koronawirus ýokuşmalarynyň köp hadysasy ýüze çykdy.

Azatlyk 8-nji iýunda Türkmenabatda karantinde saklanylýan 40-dan gowrak adamyň koronawirus synaglarynyň oňyn netije görkezendigini habar berdi. Bu adamlar 14-nji maýda Dubaýdan ýörite uçuş bilen gaýdyp gelen türkmenistanlylardy. Olaryň COVID-19 wirusy 21 gün karantinde bolup, ol ýerden çykmazdan öň geçirilen synaglarynda ýüze çykaryldy.

Şondan soň olaryň ählisi Türkmenabatyň ýokanç kesellliler keselhanasynda ýerleşdirildi we galan adamlaryň karantinde saklanmaly möhleti ýene 21 gün uzaldyldy.

Şu aralykda, Özbegistan we Owganystan ýaly, Türkmenistan goňşy ýurtlarynda hem ýagdaýyň ýaramazlaşýandygy we tassyklanan COVID-19 näsaglygy sebäpli hassahanalara ýerleşdirilýän adamlaryň sanynyň köpelýändigi habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG