Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan soňky serhet hadysasynda alty ermeni esgerini ýesir aldy


Serhetdäki ermeni esgerleri
Serhetdäki ermeni esgerleri

Azerbaýjan goşunlary günorta kawkazdaky iki goňşynyň arasynda geçen ýyl, bölünip aýrylan Dagly-Garabag sebiti üstünde bolan söweşlerden soň barha artýan serhet dartgynlygy arasynda, Ermenistanyň alty sany harby gullukçyny ele saldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň 27-nji maýdaky beýanatyna görä, ermeni esgerleri Azerbaýjanyň Kalbajar etrabynda, serhetdäki azerbaýjan goşun bölümlerine barýan ýolda mina goýup ýörkäler ele salyndy.

Emma muňa garamazdan, Ermenistanyň Goranmak ministrligi ol esgerleriň Ermenistanyň Gegharkunik sebitindäki serhet ýakasynda, inženerçilik işlerini alyp barýan wagtlarynda tussag edilendigini aýtdy.

"Tutulan harby gullukçylary yzyna gaýtarmak üçin zerur çäreler görülýär" diýip, ministrlik sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýerewan we Baku şu hepdäniň başynda başga bir serhet atyşygynda hem bir-biregi günäkärledi, Ermenistan bu atyşygyň bir ermeni esgeriniň ölümine sebäp bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG