Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistleri goraýan komitet Nurgeldi Halykowyň derrew boşadylmagyna çagyrýar


Nurgeldi Halykow
Nurgeldi Halykow

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) 21-nji maýda türkmen häkimiýetleriniň žurnalist Nurgeldi Halykowy haýal etmän türmeden boşatmalydygyny we oňa hem-de beýleki žurnalistlere erkin işlemek mümkinçiligini döretmelidigini aýtdy.

Metbugat habarlaryna, “Turkmen.news” web sahypasynyň müdiri, Žurnalistleri goramak baradaky komitet bilen wideo söhbetdeşlik geçiren Ruslan Mätiýewiň beýanatyna görä, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýeti 2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Gollandiýada ýerleşýän garaşsyz habar saýtynyň, “Turkmen.newsiň” ştatdan daşary habarçysy Halykowy galplyk aýyplamalary esasynda dört ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Mätiýew Halykowa bildirilýän aýyplamalaryň ondan žurnalistik işi üçin ar almak maksady bilen toslanyp tapylandygyna ynanýandygyny aýtdy we onuň habar saýty bilen 2017-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýändigini, ýöne hökümetiň öç almagyndan goramak üçin, žurnalistiň materiallarynyň ady aýdylmazdan çap edilendigini aýtdy.

Halykow Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çap eden tussagdaky žurnalistler sanawyna goşulmady, sebäbi gurama şol wagt onuň işinden bihabardy diýip, beýanatda bellenýär.

“Türkmen.newsiň” hökümetiň resminamalary esasynda çap edilen maglumatyna görä, ol gündogar Lebap sebitindäki LB-E / 12 polisiýa desgasynda saklanýar.

"Türkmen häkimiýetleri žurnalist Nurgeldi Halykowy haýal etmän we hiç bir şert goýmazdan türmeden boşatmaly we žurnalistlere garşy ar alyş jenaýat işlerini açmagy bes etmeli" diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň Nýu-Ýorkdaky Ýewropa we Merkezi Aziýa utgaşdyryjysy Gulnoza Said aýtdy.

“Daşary ýurtlardaky garaşsyz habar beriş serişdeleriniň habarçylary örän uzak wagt bäri galp aýyplamalar bilen esassyz tussag edilmek gorkusynda ýaşamaly bolýarlar. Türkmenistan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeli we metbugatyň erkin işlemegine ýol bermeli” ol sözüniň üstüni ýetidi.

XS
SM
MD
LG