Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara bazarda dollar rekord derejä ýetdi: 1 dollar / 41 manat


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda gara bazarda bir dollaryň bahasy, hepdäniň başyndaky aşaklamadan soňra, anna güni täze rekord derejä - 41 manada ýetdi. Dollaryň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 3,5 manat resmi çalyşyk bahasyndan tas 12 esse ýokarlanmagy, ýurtda harytlaryň, şol sanda gurluşyk we senagat önümleriniň, azyk harytlarynyň bahalarynyň göterilmegine getirdi. Bu aralykda, howpsuzlyk we kanun goraýjy edaralary, dollary kesgitlenen bir nyrhda saklatjak bolup, walýuta söwdegärlerine basyş edip başladylar.

Milli puluň hümmediniň düýpgöter pese gaçmagy martyň ortasyndan bäri dowam edýär. Geçen şenbe güni gara bazarda bir dollar rekord derejede ýokarlanyp, 40 manada ýetipdi. Şu hepdäniň başynda daşary ýurt pul birligi birneme aşaklap, 35-36 manat töwereginde bahalanan bolsa-da, penşenbe güni giçlik bir dollar 40 manatdan, anna güni eýýäm, täze rekord derejede, 41 manatdan satyn alyndy.

Manadyň dollara görä dowamly hümmetsizlinmeginiň, munuň netijesinde-de käbir harytlaryň bahalarynyň tas iki esse ýokarlanmgynyň arasynda, howpsuzlyk gulluklary gara bazardaky ‘walýutaçylara’ basyş edip başladylar.

“Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda we beýleki iri etraplarynda MHM (Milli Howpsuzlyk Ministrligi) we polisiýa işgärleri walýuta söwdegärlerine haýbat atyp, dollary 39 manat kesgitli nyrhda saklatjak bolýarlar” diýip, ‘walýutaçylaryň’ biri 9-njy aprelde Azatlygyň Lebapdaky habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzir adamlarda milli pul birlige bolan ynam hasam pese gaçyp, her kim dollar satyn almak ugrunda tagalla edýär. Emma ‘walýutaçylar’ özleriniň hem, durnuksyzlygyň we kesgitsizligiň arasynda, dollaryň satuwyny bes edip, diňe ony satyn almak bilen meşgullanýandyklaryny aýdýarlar.

Manadyň dollar garşysynda hümmediniň juda peselmegi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli puluň hümedini saklap galmagyň meselelerini döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary we wise-premýerler bilen ara alyp maslahatlaşmagynyň yzýanyna gabat geldi.

11-nji martda ykdysady meselelere bagyşlanan maslahatda Berdimuhamedow “manat serişdeleri resmi alyş-çalyş bahasy boýunça daşary ýurt puluna çalşylanda kadalaşdyrjy namalaryň berjaý edilişine gözegçiligiň ähmiýetine” üns çekipdi.

Munuň yzy bilen, gara bazarda dollaryň bahasynyň düýpgöter ýokarlanyp başlanmagy bilen birlikde, hökümet halkara, şol sanda daşary ýurtdaky talyplara pul geçirmelerini hem çäklendirdi.

Gara bazarda manadyň hümmetsizlinmegi bilen, bazarlarda harytlaryň, şol sanda azyk we iýmit önümleriniň bahalary hem göz-görtele ýokarlandy.

“Remezan aýynyň hem golaýlamagy bilen, Türkmenabatyň bazarlarynda azyklaryň onsuz hem ýokary bahalary tas ýarym esse artdy. Geçen hepde 1 kg arap hurmasy 120 manat bolan bolsa, häzir ol 180 manatdan satylýar. Bir bananyň nyrhy 10 manatdan 20 manada galdy. Hozuň bahasy 150 manatdan 300 manat boldy” diýip, türkmenabatlylaryň biri 9-njy aprelde habarçymyza maglumat berdi.

Milli manadyň hümmediniň yzygiderli pese gaçmagy bilen ilatyň satyn alyş ukyby pese gaçýar. Bu hem ýurt raýatlarynyň bazarlardaky we hususy söwda nokatlaryndaky gymmat bahalardan gaça durup, döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan önümlere ýykgyn etmegine getirýär.

Azatlygyň ýurduň dürli künjegindäki habarçylary, bu ýagdaýlaryň arasynda, zibil taşlanýan gapyrjaklary dörýänleriň, köçelerde we bazarlarda dilegçilik edýänleriň sanynyň görlüp-eşidilmedik derejede köpelýändigini habar berýärler.

Azatlyk Radiosy munuň bilen baglylykda, türkmen polisiýasynyň dilegçiler we zibil dörýänler bilen 'göreşip' başlandygyny hem habar beripdi. Maryda polisiýa zibilhanalara barýanlary saklap, şahsy maglumatlaryny, ýaşaýan ýerlerini hasaba alyp, olar bilen söhbetdeşlik geçirýän bolsa, Aşgabatda polisiýa dilegçilik etmekde saklanan bir okuwçy gyzy klasdaşlarynyň öňünde ‘ýazgaryp, masgaralapdy'.

Bu aralykda, Aşgabatda dilegçilik edýänleri şahsy ulagly näbelli adamlaryň köçelerde saklap başlandygy barada maglumatlar gowuşýar.

“Çarşenbe güni Aşgabatda söwda merkeziniň öňünde 6-7 ýaşlaryndaky bir oglan dilegçilik edip durka, onuň golaýynda şahsy nomerli bir ulag gelip durdy. Ulagdakylar signal bereninden soň, söwda merkeziniň içinden raýat eşikli biri çykyp, oglanjygy gödek iteläp ulaga saldy. Oglanjygyň diňe ‘agamjan beýtmäň, goýberiň!’ diýen sesini eşitdik. Ulag näbelli tarapa gitdi” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri 8-nji aprelde maglumat berdi.

Onuň bu hadysa boýunça polisiýa ýüz tutup-tutmandygy soralan-da, ol muny raýat eşigindäki howpsuzlyk gulluklarynyň özleriniň amal eden bolmagynyň mümkindigini, özünden soňy bilen ar alynmagyndan howatyr edip, bu ýagdaýy diňe mediada beýan edip, köpçülige ýetirmek kararyna gelendigini aýtdy. Bellesek, bu mesele boýunça Aşgabadyň şäher polisiýasy Azatlyk Radiosy bilen gepleşmekden ýüz öwürdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda hereket edýän walýutanyň iki kursy, onuň ykdysadyýete, ilata ýetirýän täsirleri, şeýle-de adamlary el sermäge iterýän sebäpleri barada dymýarlar, Azatlygyň bu baradaky soraglaryna hem jogap bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG