Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagtaçylykdaky mejbury zähmet TW üçin guralýan ekiş çärelerinden başlanýar


Prezident döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynýandygyny, daýhanlaryň önüm öndürmegi üçin ähli şertiň döredilendigini aýdýar, emma...
Prezident döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynýandygyny, daýhanlaryň önüm öndürmegi üçin ähli şertiň döredilendigini aýdýar, emma...

Kerki etrabynyň Daşlyk daýhan birleşiginde geçirilen ekiş çäresi wagtynda 70 ýaşlaryndaky Hydyr aganyň huşundan gidip, "Tiz kömek" ulagynda hassahana alnyp gidilendigi habar berilýär. Bu barada Azatlyga çärä gatnaşan raýatlaryň biri gürrüň berdi.

Türkmenistanyň oba adamlarynyň tas uçdantutma garyp düşmegine getiren mejbury zähmet, ekerançylyk meýdanlarynda döwlet TW-si üçin guralýan galplaşdyrylan dabaralaryň dowam etdirilmegi bilen, bu ýylam doly güýjünde saklanyp galjaga çalym edýär.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatyna görä, sebitiň Çärjew etrabynda gowaça ekmek çäresi bellenen wagtyndan öň, TW kameralarynyň öňünde geçirilip, ýurduň ilatyna we dünýä jemgyýetçiligine görkezmek üçin öňünden ýazgy edildi.

Bu maglumat iki sany hökümetden aýry guramanyň, "Turkmen.news" neşiriniň we Adam hukuklarynyň goraýan "Türkmen inisiatiwasy" guramasynyň pagta ýygymynda mejbury zähmetiň ulanylyşy baradaky hasabatyny çap edip, Türkmenistanyň häkimiýetlerini netijesiz oba hojalyk syýasatyndan el çekmäge çagyran wagtynyň yz ýanyndan geldi.

Hukuk goraýjylaryň pagtaçylykdaky mejbury zähmet barada çap eden hasabatynda geçen ýyl pagta sürlen adamlaryň, beýleki raýatlar barada ulanylan saglyk çärelerinden hem mahrum edilip, hyryn-dykyn awtobuslarda, ýüz maskasyz gowaça meýdanlaryna alnyp gidilendigi we ýene şol ýagdaýda yzlaryna getirilendigi aýdyldy.

Azatlygyň habarçysy bu ýagdaýyň gowaça ekişi wagtynda hem gaýtalanandygyny habar berýär.

Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşiginde ýazgy edilen ekiş işleriniň aslynda bir hepde bäri dowam edýän saglyk töwekgelçiliginiň dowamy bolandygy aýdylýar.

"Gowaça ekişi baradaky çäreler görlen taýýarlyklar wagtynda iki metr aralygy saklamak düzgünine düýpden eýerilmedi" diýip, habarçy bilen gürleşen kärendeçiler aýtdy.

Şeýle-de, Kerki etrabynyň Daşlyk daýhan birleşiginde geçirilen ekiş dabaralary wagtynda 70 ýaşlaryndaky Hydyr aganyň huşundan gidip, "Tiz kömek" ulagynda hassahana alnyp gidilendigi habar berilýär. Bu barada Azatlyga çärä gatnaşan raýatlaryň biri gürrüň berdi, redaksiýa onuň işleýän ýerini howpsuzlyk aladalary üçin aýtmaýar.

Türkmen TW-sinden görnüşi ýaly, Türkmenistanda ýaşulular we çagalar propaganda ýazgylarynyň esasy bölümlerini düzýär we sowuk ýa yssy howada, açlykdan ýa suwsuzlykdan, hemişe örän uzaga çekýändigi aýdylýan dabaraly çäreler wagtynda adamlaryň huşuny ýitirýändigi barada mundan öňem maglumat berlipdi.

"Tehnikalar sebitiň ähli etrabyndan getirildi, ekiş geçirilendigi aýdylýan ýerler bolsa alty aý bäri telewizorda gowy görünmegi üçin taýýarlanypdyr" diýip radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Ýol gözegçiliginde işleýän ýerli polisiýa işgäriniň beren maglumatyna görä, dabaraly çäreleriň geçirilýän ýerindäki ýoluň ugrunda soňky bir hepdede oba hojalyk tehnikalary bilen adamlaryň ýeňil awtoulaglarynyň çakyşmagy ýa bir-birine degmegi netijesinde, azyndan alty sany ýol-köçe hadysasy hasaba alyndy.

Şeýle-de, habarçy bilen gürleşen ýönekeý işçiler bu çärede mejbury zähmetiň 100% ulanylandygyny aýtdylar.

Olaryň sözlerine görä, pagta ýygymy döwründe we ekiş wagtynda, şuňa meňzeş beýleki çärelerde býujet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öz golastynda işleýän adamlara ruhy we fiziki basyş görkezmegi adaty bir zada öwrüldi.

Gowaça ekişiniň dabaralary ýerli saýlawlara gözegçilik etjek synçylaryň Türkmenabada gelmeginiň öň ýanynda geçirildi, Lebapda adamlar çäre kösençliginden ýadady we saýlawyň üýtgeşiklik getirjegine ynanmaýar diýip, habarçy aýtdy. Şeýle-de ol ýerli häkimiýetleriň harasatdan çekilen zyýany ýapmak üçin telekeçilerden kömek soraýandygyny, ilat arasyndaky nägileligiň ýokarlanýandygyny habar berdi.

Şu aralykda, hukuk goraýjylaryň täze hasabatynda geçen ýylyň pagta ýygymynda mejbury zähmetiň yzygiderli ulanylandygy aýan edilenden soň, Etiki söwda başlangyjy (ETI) moda markalaryny Türkmenistandan pagta almagy bes etmäge çagyrdy diýip, ecotextile.com neşiri habar berdi.

Türkmenistan kärendeçileriň we býujet işgärleriniň mejbury zähmeti netijesinde öndürilýän pagtany, gazanylandygy aýdylýan ägirt uly üstünlikleri wagyz etmekden başga, ýurt içinde gurlan dokma kärhanalaryny ýüplük bilen üpjün etmek, şol bir wagtda-da daşary ýurtlara çig mal görnüşinde satmak üçin ulanýar.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, sowet döwründe "ak altyn" diýlip waspy ýetirilen 'pagta mejburlygy' türkmenistanlylaryň ençeme nesliniň bisowat ýa-da ýarymsowat galmagyna, çagalaryň garyplykda, agyr şertlerde önüp-ösmegine sebäp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG