Türkmen aktiwisti Rozgeldi Çöliýew heniz hem Moskwanyň “Şeremetýewo” aeroportunyň tranzit bölüminde galýandygyny, peneşenbe güni ony azyndan iki gezek Türkiýä ugratmakçy bolandyklaryny aýtdy. Aeroportuň özünden Azatlyk Radiosy bilen geçiren söhbetdeşliginde, ol türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň maşgala agzalaryna edýän basyşlaryny güýçlendirendiklerini hem belledi.
“Men şu wagt Moskwanyň ‘Şeremetýewo’ aeroportunyň ‘D’ blogunda, samolýoda mündirilýän ýerde otyryn. Meni äkitjek bolup ýarym sagadyň içinde ‘Aeroflot’ kärhanasynyň wekilleri eýýäm iki gezek geldiler. Eger şu wagt gitmesem, onda meni mejbur edip, güýç bilen ugratjakdyklaryny aýtdylar. ‘Şu wagt duýdurlarynda git’ diýdiler” diýip, Çöliýew 4-nji martda Azatlyga gürrüň berdi.
Ýatlatsak, internetdäki tankydy çykyşlary sebäpli türkmen häkimiýetleri tarapyndan “internet terrorçylygynda” aýyplanan türkmenistanly student Çöliýew 2-nji martda Stambuldan Moskwa barandan soňra, “Şeremetýewo” aeroportunda saklanypdy.
Geçen dekabrda adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” hem-de “Türkmen Helsinki fondy” guramalary bilelikde beýanat ýaýradyp, Russiýanyň Garaçaý-Çerkez uniwersitetinde bilim alan 26 ýaşly student Rozgeldi Çöliýewiň YouTube ulgamynda türkmen hökümetine gönükdiren birnäçe tankydy çykyşyndan soňra, türkmen häkimiýetleri tarapyndan “internet terrorçylygynda” aýyplanýandygyny we yzarlanýandygyny habar beripdi.
Çöliýew haýbatlara garamazdan, protest hereketiniň gatnaşyjylary bilen aragatnaşyk gurmak üçin 2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkiýä bardy. 2-nji martda Moskwa gelen badyna hem saklandy.
4-nji martda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Çöliýew özi üçin ýörite aklawçynyň tutulandygyny mälim etdi.
“[Aklawçy] meniň dokumentlerimiň üstünde işläp otyr. Nesip bolsa, maňa şu wagt ‘garaş’, [uçara] mündürjek bolsarlar ‘münme diýdiler” diýip, Çöliýew belledi.
Ol öten agşam häzir Garaçaý-Çerkez şäherindäki umumy ýaşaýyş jaýynda dokuz aýlyk ogly bilen ýaşaýan ýarawsyz aýalynyň hem ýerli polisiýa bölümine çagyrylandygyny, ondan özi barada maglumat almakçy bolýandyklaryny aýtdy.
Rozgeldi Çöliýew Türkmenistandaky maşgala agzalaryna hem basyşyň güýçlendirilendigini, howpsuzlyk güýçleriniň onuň ene-atasyny Aşgabadyň Arçabil etrabynyň ýerli polisiýa edarasyna çagyrandyklaryny aýtdy.
“Ejem bilen kakamy ýerli polisiýa edarasyna çagyrypdyrlar. Polisiýa işgäriniň gapdalynda eli bloknotly, graždan eşikli ýene iki adam bar. Olar özlerini hiç hili tanyşdyrmandyrlar, at-familiýasyny aýtmandyrlar. Olar ‘ogluňy gysga wagtda Türkmenistana getireris. Ondan soň ogluňyzy görmersiňiz. Eger-de ogluňyzy ýene görmek isleseňiz, hiç ýerde wideo çykmasyn, ümsüm bolup uçara münsin gaýtsyn’ diýipdirler” diýip, Çöliýew türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň ene-atasy bilen geçiren söhbetiniň mazmunyny gürrüň berdi.
Howpsuzlyk işgärleri studentiň ene-atasyna ony Türkmenistana getirmegiň “öz ýollarynyň” bardygyny aýdyp hem haýbat atypdyrlar.
Mundan başga-da, çarşenbe güni Çöliýewiň doganyny işinden çykmaga mejbur edipdirler.
“Düýn sagat 2-de doganyma ‘[işden gitmek barada] öz razylygyň bilen arza ýazyp çyk, bolmasa-da özümiz çykararys’” diýipdirler” diýip, Çöliýew nygtady.
Çöliýewiň sözlerine görä, türkmen howpsuzlyk gulluklary eger-de ol wideo arkaly öz ýagdaýyny beýan etse, ona onuň beýleki maşgala agzalaryna hem basyş etmek bilen haýbat atypdyrlar.
Daşary ýurtlarda türkmen aktiwistleri işjeňleşýän mahaly, Çöliýew YouTube ulgamynda türkmen prezidentini, hökümetini we emeldarlaryny tankytlaýan wideo ýüzlenmelerini çap edipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.