Lebapda häkimiýetler Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk ýygnaklaryna girişýär. Ýygnaklarda çykyş edýän häkimiýet wekilleri saýlaw resmilerine saýlawlarda surat alýan adamlary tutmak, ýerli saýlaw toparlarynyň agzalaryna netijeler barada dil ýarmazlyk ýaly tabşyryklary berýärler. Duşuşyklara gatnaşyjylar şeýle tabşyryklaryň saýlawlara kölege salýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
Halk Maslahatynyň sentýabrda geçirilen soňky mejlisinde täze döredilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirmek kararlaşdyryldy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapda bu saýlawlara taýýarlyk işleriniň bat alandygyny habar berýär.
Onuň maglumatlaryna görä, 30-njy noýabrda Farap etrabynda Merkezi Saýlaw toparynyň ýerli agzalary, mugallymlar, arçynlyk işgärleri, kitaphanaçylar, beýleki etraplaryň saýlaw toparynyň agzalary, welaýat saýlaw toparynyň ýolbaşçylary, häkimlik işgärleri hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri saýlawa taýýarlyk ýygnagyny geçirdi.
Ýygnaga gatnaşyjylaryň sözlerine görä, häkimiýetler ýerli saýlaw resmilerini netijeler barada asla dil ýarmazlyga, saýlaw wagty telefonda surat alýan adamlardan hüşgär bolmaga çagyrypdyrlar.
“Esasy iş barada kelam agyz söz aýdylmady. Oňa derek, saýlaw wagtynda telefonda surat alýan adamlary gören badyňa olary saýlaw uçastogyndaky MHM ýa-da polisiýa işgärlerine tabşyrmak, bu meselede hüşgär bolmak barada çagyryş edildi” diýip, ýygnakdan habarly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler ýerli saýlaw resmilerinden netijeler barada çykyş etmezligi talap etdi.
“Saýlaw toparynyň agzalaryna netijeleriň ‘döwlet syry’ derejesindedigini aýtdylar we olar barada dil ýarmazlygy tabşyrdylar. Eger gep-söz bolsa, ol hem anyklansa, olaryň işlerinden kowuljakdygyny, gara sanawa giriziljekdigini duýdurdylar” diýip, habarçynyň söhbetdeşi gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylar şeýle tejribeleriň mundan ozalky saýlawlarda-da ulanylýandygyny aýdýarlar.
“Öňki saýlawlarda hem bu praktikalar ulanyldy. Türkmenistanda adalatly saýlawlar barada umyt etmek üçin entek has ir” diýip, mundan ozal özüniň üç saýlawa gatnaşandygyny aýdýan 50 ýaşly magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýurtda hereket edýän häzirki Halk Maslahaty sentýabrda Türkmenistanyň baş kanunyna girizilýän soňky üýtgetmeleri we goşmaçalary tassyklady. Olara laýyklykda ýurduň parlamenti iki palataly ulgama geçirildi. Täze parlament “Milli Geňeş” atlandyryldy we Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybarat edildi.
Şeýle-de, soňky konstitusion üýtgetmelere görä, parlamentiň ýokary palatasyna, Halk Maslahatyna her welaýatdan we Aşgabatdan sekiz, jemi 48 agza saýlanar, ýene 8 agza prezident tarapyndan bellener.
Resmi metbugatyň habarlaryna görä, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary 28-nji noýabrda ýygnak geçirdi we Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerini maslahat etdi. Topar 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda ýurtda saýlaw möwsüminiň başlaýandygyny yglan etdi. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawy 28-nji martda geçiriler.
Ýurduň kanun çykaryjy ulgamyny üýtgetmek baradaky teklibi ilkinji gezek prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň sentýabrynda öňe sürdi.
Synçylar parlamenti iki palataly ulgama geçirip, Halk Maslahatyny Mejlis bilen birikdirmek teklibiniň ýurtda mirasdüşerlik ugrunda atylan ädimdigini aýdýarlar. Täze üýtgetmelere görä, eger prezident öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, onuň ygtyýarlyklary täze Halk Maslahatynyň başlygyna geçýär.
Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsyny günbatar saýlaw synçylary erkin we adalatly hasaplamady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.